Tegelek stol: Türkmen oppozisiýasy we hakykat
"Türkmen oppozisiýasy nirede, nähili ýagdaýda we näme iş edýär?" diýip, Azatlyk radiosynyň käbir diňleýjileri soraýar. Golaýda Türkiýede ýaşaýan türkmen biznesmeni Akmuhammet Baýhanow täze bir oppozision topary, "Hereket" hereketini döredýändigini yglan etdi. Ol bu işi ýedi ýyl mundan ozal dünýäsini başgalan oppozisioner Abdy Kulyýewiň togtan işini dowam etdirmek üçin başlandygyny, galyberse, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowdan miras galan awtoritar dolandyryşa garşy durmaga, jaýlary ýykylan, nähak türmä basylan türkmen raýatlaryna arka çykmaga çayşmakçydygyny, muny özünden köp türkmenistanlynyň haýyş edendigini gürrüň berdi. Eýsem bu hereket, öňkülerden tapawulylykda, ýol alarmy? Aslynda, türkmen oppozisiýasy nähili reallyklar bilen ýüzbe-ýüz dur? Azatlyk Radiosynyň bu baradaky söhbetdeşligini diňläp, söhbete goşulyň, pikir aýdyň.
Epizodlar
-
Iýun 12, 2014Tegelek stol: Polat ýolda bilet ýok
-
Iýun 05, 2014Tegelek stol: Dymmagyň sebäpleri näme?
-
Maý 29, 2014Tegelek stol: Bankda ýitirilen pullar
-
Maý 22, 2014Tegelek stol: "Magtymguly" diýip, adym tutsalar...
-
Maý 08, 2014Tegelek stol: Mugt ýangyjyň soňy we güzeran gaýgysy
-
Maý 01, 2014Tegelek stol: Edebi terjimedäki terslikler