Lebap welaýatynyň Köýtendag şäherçesiniň Berdi Kerbabaýew we Türkmenistan köçeleriniň ugrunda ýerleşýän “etažkalar” ady bilen tanalýan kiçeňräk raýon we şäherçäniň ýarpysy şu günler hapa atylýan zibilhana meňzeýär.
Köýtendag 'zibilhanany ýatladýar'
1
Plastik çüýşeler çaşyp ýatyr, polietilen paketler şemalda uçuşyp ýör, bu indi agzalýan ýerde adaty ýagdaý diýlip hasaplanýar.
2
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýaşaýjylar, munuň sebäbini zir-zibil konteýnerleriniň seýrekligi ýa-da asla ýoklugy bilen düşündirýärler.
3
Ýagdaý diňe zir-zibil taşlanýan kontenýnerleriň ýoklugy bilen çäklenmän, köçäniň ugruna taşlanan hapalar käbir halatlarda ençeme günläp arassalanmaýar, aslynda her gün arassalanmaly ýerlerden degişli edaralar wagtly-wagtynda habar tutmaýarlar.
4