Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynyň 19 jaýynda Täze ýylyň öň ýanynda, ýyladyş sistemasynyň suw turbalary ýaryldy. Munuň netijesinde ýaşaýjylar 12 sagat çemesi sowukdan kösenmeli boldular.
Parahat 7-de ýyladyş sistemasynyň turbasy ýaryldy
1
Bu waka geçen ýylyň 30-njy dekabryndan 31-nji dekabryna geçilýän gije boldy.
2
Suw turbalarynyň ýarylmagy netijesinde ýyladyş sistemalary 12 sagat çemesi işlemedi.
3
Bu bolsa gyşyň aýazly günlerinde ýaşaýjylaryň sowukda birnäçe sagat kösenmegine sebäp boldy.
4
Şeýle-de, bejeriş işleri geçirilýän döwri ýaşaýjylaryň agyz suwy hem kesildi. Bu bolsa, Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda, ýaşaýjylara käbir bökdençlikleri döretdi.