Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ parahatçylyk çarçuwasynyň Ukrainany “doly gorar” ýaly “täzelenip, kämilleşdirilendigini” aýdýar, emma jikme-jiklik az


Ženewadaky gepleşikler
Ženewadaky gepleşikler

Ak tam Ženewada Ukrainadaky urşuň soňuna çykmak ugrunda Kiýew bilen geçirilen duşuşyklarda “möhüm öňegidişlik” bolandygyny aýtdy, we munuň uruşdan ejir çeken ýurduň özygtyýarlylygyny “doly üpjün etmäge” we adalatly parahatçylygy ornaşdyrmaga gönükdirilen “täzelenen we kämilleşdirilen” parahatçylyk çarçuwasyny taýýarlamaga mümkinçilik berendigini aýtdy.

23-nji noýabrda Waşingtondan ýaýradylan beýanatda, prezident Donald Trampyň hödürlän we Kiýewiň tarapdarlary tarapyndan Moskwa üçin “gaty amatly” hökmünde tankyt edilen 28 maddadan ybarat parahatçylyk meýilnamasyna girizilen üýtgeşmeleriň mazmuny ýa-da jikme-jikleri takyklaşdyrylmady.

“Gepleşikler konstruktiw, ünsli we sylag-hormat çäginde geçip, onuň dowamynda adalatly we uzak möhletleýin parahatçylygy gazanmak baradaky umumy ygrarlylyk tassyklandy” diýip, ABŞ-Ukraina bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.

“Diskusiýalar taraplaryň pozisiýalarynyň ýakynlaşmagynda we indiki anyk ädimleriň kesgitlenmeginde möhüm öňegidişligi görkezdi” diýip hem resminamada nygtalýar.

“Taraplar geljekki islendik ylalaşygyň Ukrainanyň doly özygtyýarlylygyny kepillendirmelidigini, şeýle-de durnukly, adalatly parahatçylygy üpjün etmelidigini ýene bir gezek tassykladylar. Gepleşikleriň netijesinde taraplar täzelenen we kämilleşdirilen parahatçylyk çarçuwasyny taýýarladylar” diýip, beýanatda aýdylýar, emma jikme-jik düşündiriş berilmeýär.

Dokumentde taraplaryň ikisiniň hem Ukrainanyň iň güýçli tarapdarlarynyň birnäçesiniň ýerleşýän Ýewropadaky hyzmatdaşlary bilen-de “ýakyn aragatnaşygy” saklamak barada ylalaşandygy aýdylýar.

Tramp özüniň bu baradaky pozisiýasyny entek jemgyýetçiligiň öňünde açyk beýan etmedi.

Ukrainanyň Ýewropa boýunça ýaranlary bilen birlikde, birnäçe amerikan kanunçykaryjysy -- olaryň arasynda käbir respublikanlar hem bar -- ilki teklip eden meýilnamany tankytlap, käbirleri ony Kremliň “arzuw sanawy” diýip hem atlandyrdylar.

Ak tamyň beýanatynda, “duşuşygyň dowamynda ukrain delegasiýasynyň beýan eden esasy aladalarynyň ählisiniň, ýagny howpsuzlyk kepillikleriniň, uzak möhletleýin ykdysady ösüşiň, infrastruktura goragynyň, nawigasiýa erkinliginiň we syýasy özygtyýarlylygynyň doly ara alnyp maslahatlaşylandygyny tassyklandygy” aýdylýar.

23-nji noýabrda döwlet sekretary Marko Rubio Ženewada ABŞ-nyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk edip, ukrain resmileri bilen duşuşdy. Waşington Kiýewiň Birleşen Ştatlaryň teklibini çalt kabul etmegine basyşyny güýçlendirýär. Tramp özüniň teklibine Ukrainanyň we onuň ýewropaly ýaranlarynyň garşy çykmagyna nägileligini bildirdi.

Duşuşykdan soň Rubio “uly öňegidişligi” yglan etdi, we habarly edeninden soň, Trampyň gepleşikleriň mazmuny boýunça “kanagatlanandygyny” aýtdy. Döwlet departamentiniň habaryna görä, Rubio gepleşiklerden soň Şwesariýadan Waşingtona ugrady.

Ukrainanyň delegasiýasyna ýolbaşçy bolan, Zelenskiniň administrasiýanyň başlygy Andriý Ýermak žurnalistlere Ženewadaky gepleşikleriň “juda gowy öňegidişlik” getirendigini we “ukrain halkynyň mynasyp adalata we uzak möhletleýin parahatçylyga tarap öňe barýandygyny” aýtdy.

Zelenski-Tramp duşuşygymy?

Günbatar habar serişdeleriniň birnäçesiniň atlandyrylmadyk çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, ABŞ we ukrain resmileri Zelenskiniň meseläni Tramp bilen maslahat edip bilmegi üçin, onuň Waşingtona geljek hepde hem amala aşyp biljek saparyny taýýarlamak boýunça gepleşikleri geçirýärler.

Reuters agentliginiň bir çeşmesi duşuşykda esasy ünsüň Tramp tarapyndan orta atylan 28 maddaly parahatçylyk meýilnamasynyň iň ýiti meselelerine, şol sanda Ukrainanyň territoriýasynyň bir bölegini Russiýa bermek ähtimallygyna hem gönükdiriljekdigini aýtdy.

Ilki başdaky meýilnama resmi taýdan aýan edilmedi, emma onuň mazmuny metbugata syzdy we birnäçe ýerli we halkara habar serişdeleri tarapyndan çap edildi.

Ondaky şertler Kiýewden giň gerimli egilşikleri göz öňünde tutýardy we, umuman, Kreml tarapyndan öňe sürülýän talaplaryň köpüsine çalymdaşdy. Moskwanyň talaplarynyň arasynda Ukrainanyň Donbas diýlip bilinýän sebitiniň düzümindäki Donetsk we Luhansk regionlarynyň we Krymyň Russiýa boýun bolmagy, şeýle-de Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň sanynyň çäklendirilmegi ýaly şertler hem bar.

Mundan başga, Kiýew ýurduň Konstitusiýasy derejesinde NATO-a agza bolmakdan ýüz öwürmeli; galyberse-de Günbatar harby ýaranlygyna hem Ukrainada goşun ýerleşdirmegi bilen baglylylykda çäklendirmeler girizilýär. Moskwa garşy kabul edilen sanksiýalar hem, meýilnama laýyklykda, bölekleýin gowşadylmaly.

Munuň öwezine, Ukraina esasan ABŞ tarapyndan beriljek “howpsuzlyk kepillikleriniň” belli bir görnüşini alar, şeýle-de oňa Ýewropa Bileleşigine agza bolmaga rugsat berler we käbir maliýe peýda berler. Russiýanyň hem häzirki wagtda basyp alan käbir ukrain territoriýalaryndan goşunlaryny yzyna çekmegi göz öňünde tutulýar.

ABŞ-nyň kanunçykaryjylaryndan we daşary ýurtly ýaranlardan gelen tankytlaryň fonunda, Tramp 22-nji noýabrda meýilnamanyň üýtgedilmegi baradaky mümkinçilikleri açyk goýdy.

Žurnalistleriň Trampdan munuň “Ukraina üçin soňky teklip” bolup-bolmandygy baradaky soragyna, ABŞ-nyň prezidenti: “Ýok” diýip jogap berdi.

Ženewadaky gepleşikleriň arasynda Zelenski: “prezident Trampyň toparynyň aýdýanlarymyzy eşidýändigi boýunça alamatlar bar” diýdi.

“Köp zat üýtgeýär -- urşuň soňuna çykmak üçin zerur ädimler boýunça örän seresaply işleýäris” diýip, Zelenski Ak tamyň beýanatynyň öň ýany, agşamky wideo ýüzlenmesinde belledi.

Ýewropa meýilnamasynyň jikme-jikleri

Germaniýanyň dpa habar agentliginiň maglumatyna görä, Ýewropanyň hödürleýän alternatiw meýilnamasy Ukrainanyň häzirki wagtda öz gözegçiliginde saklaýan territoriýasynyň hiç bir böleginden ýüz öwürmegini göz öňünde tutmaýar, şeýle-de Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň sanyny ABŞ-nyň teklibindäki 600 müň esgeriň deregine, bu çägi 800 müň harby gullukçy diýip kesgitlemek teklip edilýär. Şeýle hem Ukraina üçin berk howpsuzlyk kepillikleri göz öňünde tutulýar.

Mundan başga, Ukrainanyň NATO agzalygy doly görnüşde kesgitli ret edilmeýär, şeýle hem Russiýa uruş jenaýatlary boýunça umumy amnistiýa yglan edilmeýär diýip, dpa çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Ýewropa we Afrika ýurtlarynyň ýolbaşçylary 24-nji noýabrda Angolada ykdysady sammite ýygnanýarlar, ol ýerde Russiýanyň Ukrainadaky urşunyň ÝB liderleriniň ara alyp maslahatlaşjak iň derwaýys meseleleriniň biri bolmagyna garaşylýar.

Kreml Ženewadaky gepleşikler barada häzirlikçe resmi beýanat bermedi, ýöne Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 24-nji noýabrda Ukrainadaky parahatçylyk tagallalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin, rus prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Bu aralykda, Ženewadaky gepleşikler dowam edýän pursady hem, Russiýa dördünji ýylyna golaýlap barýan doly göwrümli uruşda Ukraina garşy adam pidaly hüjümlerini dowam etdirdi.

Forum

XS
SM
MD
LG