Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatyda “Orda.kz” neşiriniň baş redaktory Gülnara Bažkenowa garşy jenaýat işi açyldy


Gülnara Bažkenowa. Arhiw suraty
Gülnara Bažkenowa. Arhiw suraty

Almatyda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri “Orda.kz” web sahypasynyň redaksiýasynda we neşiriň baş redaktory Gülnara Bažkenowanyň kwartirasynda barlag, gözleg işlerini geçirdiler.

Almatynyň polisiýa bölümi Bažkenowanyň “bilkastdan, bile göre-göre we gaýtalap, ýalan maglumatlary ýaýratmakda” aýyplanýandygyny, oňa jenaýat işiniň gozgalandygyny habar berdi.

“Azattyk Azia” Bažkenowa ýa-da neşiriň žurnalistleri bilen habarlaşyp bilmedi.

“Orda.kz” polisiýanyň baş redaktor Dmitriý Kimi sorag etmek üçin alyp gidendigini we beýleki işgärler bilen aragatnaşygyň kesilendigini habar berýär.

Neşiriň aklawçysy Murat Adam neşiriň işgärleriniň telefonlarynyň wagtlaýynça elinden alnandygyny we olaryň ofisde saklanylýandygyny, özüniň içeri girmegine rugsat berilmeýändigini habar berdi.

"Aýyplamalar barada hiç zat aýdyp bilmerin. Men bilmeýärin, beýanaty görmedim. Häzir derňew işleri dowam edýär. Emma meni derňew işlerine hem golaýlatmadylar. Olar gykylyk etdiler, gygyrdylar we hatda wideo ýazga hem aldylar [girmek gadagan edildi]. Ofise ýa-da [baş redaktoryň] kwartirasyna girmäge rugsat berilmeýär" diýip, aklawçy aýtdy.

XS
SM
MD
LG