Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň Hazar kenarynda ýüzden gowrak öli düwlen tapyldy


Gazagystanyň Mangystau regionynda deňiz kenarynda tapylan düwlen. (Arhiw suraty)
Gazagystanyň Mangystau regionynda deňiz kenarynda tapylan düwlen. (Arhiw suraty)

Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň Tupkaragan etrabynda Hazar deňziniň kenarynda azyndan 112 öli düwlen tapyldy diýip, Mangistau sebit ekologiýa bölüminiň metbugat gullugy öz Facebook sahypasynda habar berdi.

Maglumata görä, daşky gurşaw goraýjylar deňiz kenaryndaky düwlenleriň jesetleri barada ýaşaýjylardan köpsanly habar bolnasoň, 3-nji noýabrda bölümiň hünärmenleri Tupkaragan etrabynyň Fort-Şewçenko we Bautino ilatly ýerleriniň kenaryndan suw nusgalaryny alypdyr. Olar etrap balykçylyk bölüminiň wekilleri bilen bilelikde Asan obasyndan Bautino burnuna çenli kenary barlap, 112 sany öli düwleni tapypdyr.

Geçen ýylda hem oktýabr aýyndan başlap, şol bir sebitde deňiz kenarynda düwlenler köpçülikleýin ölüpdi.

Köpçülikleýin ölümleriň sebäbi geçen ýyl hem, şu ýyl hem anyklanmady. Gazak resmileri suw nusgalarynyň seljerilmeginiň we düwlenleriň jesetleriniň barlaglarynyň goşmaça wagt talap etjekdigini aýdýarlar. 2025-nji ýylyň maý aýynda Gazagystanyň Fort Şewçenko golaýyndaky Hazar kenarynda onlarça öli guş hem tapylypdy.

XS
SM
MD
LG