Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew şu hepde soňunda ABŞ bilen indiki gepleşik boljagyny aýtdy


Andriý Ýermak
Andriý Ýermak

Ukrainanyň prezident administrasiýasynyň başlygy Andriý Ýermak penşenbe güni sosial mediada ukrain we amerikan delegasiýalarynyň şu hepdäniň ahyrynda Ženewada amerikan parahatçylyk meýilnamasy boýunça pikir alyşmalary dowam etdirjekdigini yglan etdi.

"Öndürijiligi ýitirmezlik we çalt işlemek möhümdir" diýip, Ýermak nygtady. Ol hyzmatdaşlar bilen esasy, umumy maksadyň üýtgewsiz galýandygyny, ýagny Ukraina üçin mümkin boldugyça çalt dowamly we abraýly parahatçylyk gazanmakdan ybaratdygyny belledi. Ýermak şeýle hem amerikanlylara "üznüksiz işleri üçin" minnetdarlyk bildirdi.

Penşenbe güni Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý agşamky çykyşynda ABŞ bilen aragatnaşygyň dowam etdirilýändigini tassyklady.

"Häzirki wagtda pozisiýalarymyzy goramak, frontdaky garşylygymyz we has gowy diplomatik pozisiýalara ýetmek üçin hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde işlemek deň derejede möhümdir. Biziň toparymyz, amerikan wekilleri bilen bilelikde, şu hepde Ženewada gazanylan nokatlary - hepdäniň ahyrynda jemlemegi dowam etdirer" diýip, Zelenskiý aýtdy.

23-nji noýabrda Trampyň administrasiýasynyň parahatçylyk başlangyjy boýunça ilkinji gepleşikleri Ženewada geçirildi. Bu teklipler resmi taýdan hiç haçan çap edilmedi. Habar berlişine görä, bu ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde taslama Kiýew üçin has kabul ederlikli pozisiýalary görkezmek üçin gaýtadan gözden geçirildi.

XS
SM
MD
LG