Ak Tamyň wekili Stiw Witkoff indiki hepde Moskwa geler diýip, ABŞ tarapyndan goldanylýan parahatçylyk teklibini pugtalandyrmak ugrundaky tagallalaryň ýygjamlaşmagynyň arasynda aýtdy. Köp ukrainaly we ýewropa liderleri bu teklibe howatyrlanma bilen garaýarlar.
26-njy noýabrda daşary syýasat boýunça geňeşçi Ýuriý Uşakow tarapyndan tassyklanan Moskwa duşuşygy baradaky habar, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Witkoffyň, ähtimal, öz giýewisi Jared Kuşner bilen bilelikde rus paýtagtyna uçjakdygyny aýdanyndan birnäçe sagat soň mälim boldy.
Trampyň rus urşuny soňlamak ugrundaky tagallalara ýolbaşçylyk etmegi tabşyran wekiliniň bu saparynda hem rus prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar. Ozal hiç bir diplomatik tejribesi bolmadyk, gozgalmaýan emläk işleri bilen meşgullanýan Witkoffyň rus paýtagtyndaky ýokary derejeli duşuşygy ýanwar aýyndan bäri Wladimir Putin bilen geçiren altynjy duşuşygy bolar.
Emma Uşakow Kuşneriň amerikan wekiliýetiniň düzüminde boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny aýtmady.
"Witkoff barada bolsa, men onuň indiki hepde Moskwa gelmegi barada deslapky ylalaşyga gelinendigini aýdyp bilerin" diýip, Uşakow Orsýetiň döwlet telewideniýesine aýtdy.
Bu sapar geçen hepde syzdyrylan ABŞ meýilnamasy sebäpli Kiýewde, Ženewada we Abu-Dabide, amerikan, ukrain we rus resmileriniň arasynda bolan we birnäçe güne çeken dartgynly gepleşikleriň yz ýanyna gabat gelýär.
28 maddadan ybarat teklipleriň ilkinji görnüşinde Orsýetiň azyndan 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy başlan giň gerimli çozuşyndan bäri eýeleýän berk pozisiýalary gaýtalanýar.
Bu ukrain resmilerini howsala saldy we, aýdylmagyna görä, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiniň gaty gaharyny getirdi. Şondan soň ol özleriniň ABŞ resmileri bilen gurnan ikitaraplaýyn gepleşiklerini geçirdi.
25-nji noýabra çenli Ukrainanyň käbir teklipler bilen belli bir derejede ylalaşýandygynyň alamatlary göründi; ýöne has möhüm meseleleriň käbiri şindi hem çözülmän galýar.
Ukrain resmileriniň we beýleki bilermenleriň ABŞ meýilnamasyna garşy iň güýçli tankytlarynyň käbiri meýilnamanyň, görnüşinden, Orsýetiň uzak wagt bäri öňe sürýän maksimalist pozisiýalaryna näme üçin gabat gelýändigi bilen bagly boldy.
"Ukrainanyň, ABŞ-nyň tagallalary we biziň Ženewadaky işimiz netijesinde indi biziň başlangyç nokadymyz bar" diýip, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen 26-njy noýabrda aýtdy.
"Biz Orsýetiň pikirlenişiniň Ýalta döwründen bäri üýtgemedigini bilýäris. Biziň özygtyýarly Ýewropa döwletini birtaraply ýagdaýda bölmegiň mümkin däldigini açyk aýtmagymyz gerek" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Kreml tagallalaryna ýolbaşçylyk edýän adam Harward uniwersitetinde bilim alan we iňlis dilinde gepleýän Kirill Dmitriýew, aýdylmagyna görä, Witkoff we Kuşner bilen duşuşmak üçin, oktýabr aýynda Maýami şäherine bardy.
Syzdyrylan telefon söhbetdeşliginiň mazmunynyň 25-nji noýabrda “Bloomberg News” tarapyndan çap edilmegi bu meýilnama baradaky aladalary has-da güýçlendirdi.
“Bloomberg” agentliginiň çap eden ýazgysyna görä, Witkoff 14-nji oktýabrda Uşakow bilen eden telefon söhbetdeşliginde atyşygy bes etmek meýilnamasynyň üstünde özleriniň bilelikde işlemelidigini we Putiniň soň bu meýilnamany Tramp bilen gürleşende öňe sürmeldigini aýdypdyr.
Tramp “Air Force One” uçarynyň bortunda žurnalistlere beren düşündirişinde bu telefon söhbetdeşligi bölekleýin tassyklap, habarlary gözden geçirmändigini, ýöne munuň “standart gepleşik” bolandygyny eşidendigini aýtdy.
Telefon söhbetdeşliginiň näme üçin syzdyrylandygy barada soralanda, Uşakow: "Belki-de, [gepleşiklere] päsgel bermek üçin. Munuň gatnaşyklary gowulandyrmak üçin edilmegi mümkin däl" diýip jogap berdi.
Rus resmileri özleriniň heniz ABŞ meýilnamasynyň resmi nusgasyny almandyklaryny aýtdylar. Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow biraz öň Orsýetiň ABŞ-nyň üýtgedilen meýilnamanyň "garalama" görnüşini hödürlemegine garaşýandygyny aýtdy.
“Biz soň göreris” diýip, Lawrow Moskwada aýtdy.
Forum