Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda ýokary derejeli sapara garaşylýar, adamlar 'galp dabaradan' ýadadyk diýýärler


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Mary welaýaty Serdar Berdimuhamedowyň sapara gelmegine taýynlyk görýär diýip, Azatlygyň habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Şu aralykda prezidentiň Ahalda “Altyn halka” döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumynyň ulanmaga berilmegine gatnaşyp, suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanşandygy habar berildi.

Prezidentiň Mary sebitine anyk haçan gelýändigi belli däl, ýöne çeşmeler ýerli ýolbaşçylaryň bu saparyň 2-5 nji dekabr aralygynda amala aşyrylmagyna garaşýandyklaryny aýtdy diýip, habarçymyz 2-nji dekabrda ýazdy.

Adatça bolşy ýaly, ýokary derejeli saparyň öňünden Mary şäheriniň ähli ýerinde arassaçylyk işleri geçirilýär, hususan-da Mary aeroportynyň ýanyndaky zeýkanal arassalanyp, täzeden gazylýar, potrat meýdanlary guran ot-çöplerden arassalanýar, ýollaryň döwük-ýenjik ýerlerini oňaryp, asfalt bilen ýamaýarlar diýip, habarçymyz ýazýar.

"Işgärler irden çykyp, agşama çenli arassaçylyk edýärler"

Onuň tassyklamagyna görä, ýol edarasynyň işgärleri uzakly günlerini, irden çykyp, gün ýaşýança arassaçylyk işlerini edip geçirýärler.


“Býujet edaralarynyň işgärleri eýýäm 10 gün bäri günde şäheriň protokol köçelerinde guralýan ýowar çärelerine alnyp gidilýär. Prezidentiň öňünden çykmaly, ony dabara bilen garşy almaly býujet işgärleri iki aý öň saýlanyp alyndy” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu çärä gatnaşjak işgärleriň pasportlarynyň nusgalary, suratlary alyndy, üç arka maglumatlaryny getirmekleri soraldy.

Bu maglumatlar soňra ýerli hukuk goraýjylara berildi diýip, çeşme ähli barlagdan geçirilen adamlaryň prezidentiň geljek güni bellenilen çäreden galmaly däldigini aýtdy.

“Dabaraly çäre gatnaşmaly edilip, barlaglardan doly geçen adamlardan, prezidentiň gelen güni boljak çäreden galmaga haklarynyň ýokdugy, ýagny olaryň mundan habarly edilendigi barada dilhaty alynýar. Pata, toý, bular bahana bolup bilmez” diýip, býujet işgärleriniň ýolbaşçylaryna duýduryş berildi.”

Azatlygyň habarçysynyň aýry-aýrylykda gürleşen adamlarynyň aýtmaklaryna görä, prezidentiň welaýat saparynyň, ýagny birnäçe sagat içinde gelip-gitmeginiň 1-2 aý öňünden ilatyň bimaza edilmegi barha köp adamda 'nägilelik döredýär'.

“Býujet işgärleri prezidentiň gysga wagtlyk saparynyň bir, iki aý öňünden biynjalyk edilýär. Tä prezident gelip, soň yzyna gidýänçä arkaýyn işlemäge goýmaýarlar. Prezidentiň sapary sebäpli welaýatda internet ulgamynyň tizligi hem peseldildi, ähli tölegli vpn-ler öçürildi. Ýöne, prezident gelýär diýilse, haýsy Berdimuhamedowyň geljegi hem belli däl. Ozal iki bolsalar, indi olaryň hataryna öňki prezidentiň gyzy hem goşuldy” diýip, adyny aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy kimiň sapara gelendiginiň diňe ol welaýata gelip, yzyna gaýdanyndan soň belli bolýandygyny hem sözüne goşdy.

Garaşsyz ýagdaýda, resmilere tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumata görä, prezidentiň Ýolöten etrabyna barjakdygy aýdylýar.

Prezident Ahalda azyk, suw meseleleri bilen 'gyzyklandy'

Türkmen metbugatynyň ýurtda ýokarlanýan et-ýag, azyk ýetmezçiligi aladalarynyň arasynda, 1-nji dekabrda beren habaryna görä, Serdar Berdimuhamedow “Altyn halka” döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumynyň ulanmaga berilmegine gatnaşdy.

Azatlygyň Ahaldaky habarçysy oktýabr aýynyň aýagynda bu kärhananyň işini togtadandygyny habar beripdi.


Türkmen metbugaty mart aýynda maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň döwrebaplaşdyryljakdygyny habar berip, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan ‘uly işleri’ magtan hem bolsa, “Altyn halkanyň” ýurtdaky azyk bolçulygyna goşjak goşandy üçin näçeräk döwlet serişdesiniň goýberilýändigi, täze dörediljek iş orunlary barada hiç bir zat aýtmandy.

Şeýle-de, Berdimuhamedow 1-nji dekabrda suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu tanyşlyk Azatlygyň ýurtdaky suw aladalary barada çap eden uly göwrümli synlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Emma muňa garamazdan, türkmen metbugatynyň habarynda kän anyk maglumat berilmeýär. Ýagny, “Häzirki wagtda ýurdumyzyň suw hojalygy pudagynyň tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylyp, onuň döwrebaplaşdyrylmagyna köp möçberde maliýe serişdeleri gönükdirilýär” diýip, habarda hiç bir san getirmezden aýdylýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen suw hünärmenleri indi uzak wagt bäri ýurduň suw hojalygy pudagyna milliardlarça dollar serişde ýatyrmalydygyny aýdyp gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG