Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdep okuwçy gyzlaryň arasynda gaçyp durmuşa çykýan köpeldi


Mekdep okuwçylary. Türkmenistan. (Arhiw suraty)
Mekdep okuwçylary. Türkmenistan. (Arhiw suraty)

Mekdepde okaýan gyzlaryň ir durmuş gurmagy, şol sanda mekdebi tamamlamadyk gyzlaryň öýlerinden alnyp gaçylmagy bilen bagly ýagdaýlar köpelýär. Bu barada habar berýän çeşmeler gyzlaryň köplenç öýlerinden meýletin gaçýandygyny aýdýarlar.

Gaçyp, durmuşa çykýan gyzlaryň köpüsi agyr şertlerde we maddy ýagdaýy agyr bolan maşgalalarda ýaşaýar. Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan okuwçy gyzlaryň gürrüň bermegine göre, biri göwreli bolup, gaçyp, durmuşa çykmaga mejbur bolsa, beýlekileri muňa garyplykdan çykalga hökmünde seredýärler.

"Okuwçy gyz bir oglan bilen söýüşýär soň göwreli bolup, hojalyklary pes maddy ýagdaýly bolansoň gaçyp gidýär. Iýmäge çöregi gaýgy bolan maşgalalaryň gyzlary hem köp gaçýarlar. Orta mekdebi gutarmadyk gyzlar mekdepdäki maddy pul çykdajylaryndan, gyş pasly geýmäge egin-eşigi bolman, çekýän kynçylyklaryndan gaçýarlar. 12-nji synplarda okaýan 17 ýaşyny dolduran gyzlar durmuş gurmak üçin öňküsinden kän gaçýarlar" diýip, ahally okuwçy gürrüň berdi.

Olaryň arasynda galyň tölemekden, uly çykdajylardan saplanmak isleýänler hem bar.

"Häzir gaçyp gitmeseň ýa-da oglan tarap bolup alyp gaçmasaň ýagdaý gaty kyn, sebäbi toý edip galyň pul ýygnajak bolsaň onda ömrüň soňuna çenli garaşmaly bolýarsyň" diýip, ýene bir mekdep okuwçysy aýdýar.

Ahally çeşmeler bu ýagdaýyň hemmä bellidigini. Toý çykdajylarynyň maddy ýagdaýy ganymat bolan maşgalalara hem uly agram salýandygyny belleýärler.

"Muny hemmeler bilýär, biziň ýaşaýan ýerimizde görýän zatlarymyzdan mysal alsak, galyň pul geçirip, uludan toý tutýan hojalyklaryň sany azalýar. Öňki toý dabarasyny uludan tutan adamlar hem şu wagt wah bizem alyp gaçan bolsak, häzir mal garamyz bolardy diýýärler" diýip ahally ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ortaça 200-300 adamlyk toý tutulýar. Käte dabaralar 3 güne çekýär. "Toý tutdum, uly bergä girip, häzirem bergimi berip dynamok diýýän kän" diýip, ýaşaýjy aýdýar.

Çeşmeler gyzlaryň gaçmagy bilen bagly ýagdaýyň öňem bolandygyny, emma häzirki wagtda köpçülikleýin häsiýete eýe bolandygyny belleýärler.

"Soňky ýyllarda orta mekdepleriň ýokary synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň öz razylygy bilen alnyp gaçylmagy we durmuş toý tutulmagy, täze maşgala bolmagy barada kän eşiderdik, indi häzir bu ýagdaý göz görtele köpeldi" diýip, ahally çeşme aýdýar.

Azatlygyň habarçysy bilen gepleşen ahally ýaşaýjylar gyzlaryň alnyp-gaçylmagyna degişli ýagdaýyň käbir jikme-jikliklerini gürrüň berdiler.

"Ilkibaşda gaçyp giden gyzyň ýakyn hossarlary polisiýa bölümlerine ýüz tutup: 'gyzymy zor bilen alyp gaçdylar' diýip habar berýärler. Emma ýüz tutup, derňew işine kazyýet tarapyndan seredilende, hiç bir gyz men zorluk bilen gaçdym diýip, aýtmandy. Gyzlar 'men öz razylygym bilen gaçdym' diýip jogap berýärler. Şonuň üçin hossarlar polisiýa bölümine ýüz tutsalar iki tarapy çagyrýarlar, iki tarap hem razy bolsa, işi kazyýete geçirmeýärler" diýip, ahally çeşmeleriň biri aýdýar.

Türkmenistanda gyz alyp gaçmak meselesi barada Azatlygyň habarçylary öňem birnäçe gezek maglumat beripdi. Munuň bilen billikde soňky ýyllarda mekdeplerde "ahlak päkligi" sapaklar geçirilip başlandy.

Gyzlaryň mejbury ginekologiýa barlaglary wagtal-wagtal geçirilýär. Emma şeýle çäreleri guramalaşdyrýan häkimiýetler okuwçy gyzlaryň alnyp gaçylmagy, göwreli bolmagy, şeýle-de ten satmagy ýaly derwaýys problemalary açyk agzamaýarlar, munuň düýp sebäplerini gozgamaýarlar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan türkmenistanly bilim işgärleri we ýaşlar problema esasan garyplyk bilen bagly diýýärler.

"Men orta mekdebe geýmäne eşigim ýok. Men onsuzam her baýramçylykda goňşymdan ýa-da boýdaş joralarymdan baýramçylyk sowulýança eşik beräý diýip geýerdim. Her ýyl orta mekdep bir bahana bilen okuwçylardan pul ýygnaýar, ol puly berip bilmeseň sen gaty ýaramaz we diňe men däl meniň hojalygymam ýaramaz bolup görünýäris" diýip, okuwçy gyz habarçymyza gürrüň berdi.

Mekdeplerde ýylyň dowamynda tutumlaryň sany örän köp bolýar, uçurymlaryň çykdajylaryny köp maşgala göterip bilmeýär. "Diňe surat üçin 500 manat alynýar, jemleýji bahalaryň gowy bolmagy üçin hökman pul tölemeli, islendik bir çäre diýip, ýene-de pul bermeli" diýip, mekdep okuwçysy aýdýar.

Habarçylaryň bellemegine görä, öýlerinden gaçyp, durmuş guran gyzlaryň ýakynlary köplenç olaryň mekdebi gutarmagyny isleýärler. Emma şeýle gyzlaryň mekdebe dolanmagy ýene bir mesele döredýär.

"Göwreli bolup gaçyp giden gyzlary täzeden orta mekdebe getirmekçi bolýarlar. 'Durmuş guruň, bagtly boluň ýöne orta mekdebi tamamlaň diýip, aýdýarlar. Emma orta mekdepde göwreli bolup, okuwy dowam etdiren gyzlary kemsidýärler. Orta mekdebiň oglanlary we käbir halatda erkek mugallymlary 'çärýekde gowy baha bilen tamamlamaga kömek edeli' diýip, bile ýatmagy teklip edýärler" diýip, ahally gyz okuwçy gürrüň berdi.

Türkmenistanda 12 ýyllyk orta mekdebi raýatlar 18 ýaşynda gutarýar. Gaçyp durmuş gurýan, göwreli bolýan gyzlaryň 10-njy we 11-nji klas okuwçylaryň arasynda hem bolýandygyny çeşmeler belleýär.

"Bu zatlara näme çäre görmelidigini mugallymlar hem bilmeýärler. Ene-atalar bilen hem bu tema açyk gürrüň edilmeýär" diýip, ahally mugallym aýdýar.

Türkmenistanyň kanunlaryna görä, nika ýaşy on sekiz ýaş diýlip kesgitlenýär. "Aýratyn ýagdaýlarda, esasly sebäpler bolanda, nikalaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça howandarlyk edaralary nika ýaşyny azaldyp bilerler, ýöne bir ýyldan köp bolmaly däl" diýlip, Maşgala kodeksinde aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG