Gyrgyzystanda Russiýa bilen ilteşikli garaşsyz täze bir tele-stansiýa öz işine başlaýar. Bu Merkezi Aziýada munuň Moskwanyň propagandasyny ýaýratmak üçin täze gurala öwrülip biljekdigi baradaky aladalary güýçlendirýär.
Täze esaslandyrylýan Nomad TV-niň ýolbaşçy redaktorlarynyň arasynda russiýaly žurnalist Anna Abakumowa hem bar. Ol ozal döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän RT torunda işläpdi we Kremliň propagandasynyň esasy ýüzleriniň biri bolan Margarita Simonýanyň ýakyn egindeşleriniň biri hasaplanýar.
Nomad TV-niň ýaýlyma çykmagy 27-nji noýabra meýilleşdirilen. Muňa Russiýanyň sebitde täsirini güýçlendirmek synaşygy hökmünde garalýar. Moskwanyň 2022-nji ýylda Ukraina garşy doly gerimli urşy başlatmagyndan soň, onuň Merkezi Aziýa sebitindäki ozalky güýçli täsiri gowşap başlady.
Täze telekanal Gyrgyzystanda 30-njy noýabrda geçiriljek irki parlament saýlawlarynyň edil öň ýanyna gabat efir ýaýlymlaryna çykýar. Bilermenler ykdysady taýdan pes Gyrgyzystanda syýasy we media azatlyklaryny yza gaýataran prezident Sadyr Žaparowyň, bu saýlawlaryň üsti bilen häkimiýeti mundan beýläk-de öz elinde berkitmäge synanyşýandygyny aýdýarlar.
Simonýanyň egindeşi
Nomad TV Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde ýerleşip, ol hepdäniň ýedi güni, gije-gündiziň dowamynda efirde bolar. Onuň işgärleriniň düzümide öň Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde işlän žurnalistler, şol sanda Abakumowa hem bar. Ol Nomad TV-niň prodýuseri hökmünde görkezilse-de, onuň aslyýetinde has uly täsiriniň bardygyna ynanylýar.
Bu kanala gelmezinden ozal, Abakumowa öň “Russia Today” diýlip bilinen RT telekanalynda ýokary derejeli prodýuser bolup işleýärdi. Russiýanyň Ukraina garşy başladan doly gerimli urşundan soň, ol Moskwa tarapyndan okkupasiýa edilen Ukrainanyň regionlaryndan öň hatar reportažlary taýýarlady we öz işleri üçin premýer-ministr Mihaiýl Mişustin tarapyndan birnäçe gezek sylaglandy.
20 ýyldan bäri RT-niň baş redaktory bolup işleýän we Kremliň belli propogandaçysy Margarita Simonýan, 2024-nji ýylyň martynda geçirilen çäreleriň birinde Abakumowany RT-niň “baş prodýuseri” hökmünde tanadyp, onuň döwlet kanalynyň düzümindäki ýokary derejesine aýratyn üns çekdi.
Syýasy synçy Ruslan Akmatbek Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy bilen söhbetdeşliginde, Simonýany “Russiýanyň propogandaçylarynyň iň ýakasy gaýyşly wekili” diýip atlandyrdy.
Ol Abakumowany Simonýanyň “kömekçisi” hökmünde häsiýetlendirdi we onuň Nomad TV-däki roluna üns çekip, munuň Kremliň bu telekanaly Gyrgyzystanda, galyberse-de tutuş Merkezi Aziýa sebitinde propaganda guraly hökmünde ulanmak synanyşyklaryny görkezýändigini aýtdy.
Simonýan şeýle hem Russiýada hasaba alnan, bähbit aramaýan “Ýewraziýa” guramasynyň Geňeşiniň agzasydyr. Bu gurama 2024-nji ýylda Bişkekde edara açyp, ýerli žurnalistlere tälim berip başlady we olaryň Russiýa saparlaryny çaltlaşdyrmakda ýardam berdi.
“Ýewraziýa” fondy moldowaly gaçgak oligarh Ilan Şor tarapyndan esaslandyryldy. Ol bank pudagyndaky galplyk arkaly 1 milliard dollary ogurlamakda günäli tapylandan soň, 2019-njy ýylda Russiýa gaçdy we soňy bilen rus raýatlygyny aldy.
Gyrgyz žurnalistlerini çekmek
Nomad TV uly zähmet haklaryny teklip edip, Gyrgyzystanyň döwlet we hususy teleýaýlymlarynda işleýän onlarça tejribeli žurnalisti özüne çekmäge işjeň girişdi.
Döwletiň eýeçiligindäki NTRK-nyň birnäçe habarçysy, şol sanda tanymal alyp baryjy Mirbek Moldakunow dagy eýýäm Nomad TV-niň hataryna goşuldylar.
“7-nji kanalyň” direktory we Gyrgyzystanyň Žurnalistler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýazbek Baltaşewiň sözlerine görä, täze kanalyň teklip edýän aýlyklary ýerli žurnalistleriň ret edip bilmejek derejesinde özüne çekiji.
“Žurnalistlere jaň edýärler-de: ‘Näçe aýlyk alýarsyň?’ diýip soraýarlar. Eger kimdir biri ‘50 müň som alýaryn’ diýse, şol bada ‘saňa 100 müň som bereýin’ diýip jogap berýärler-de, olary iş ýerinden aýyrýarlar” diýip, Baltaşew gürrüň berdi.
Gyrgyzystanda eýýäm onlarça rus telekanaly erkin iş alyp barýar. Russiýanyň döwlet habar gullugy “Sputnik” hem 2014-nji ýyldan bäri ýurtda hereket edýär.
2022-nji ýylda YouTube platformasy rus döwlet mediasynyň birnäçe kanalyny ýapdy. Bu çäre Merkezi Aziýada olaryň täsirini ep-esli azaltdy.
Akmatbekiň sözlerine görä, Kreml Merkezi Aziýada “öz täsir zolagyny ýitirmekden” gaty alada galýar.
“Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary indi iňlisçe gepleýärler, Günbatar bilen gatnaşyklary gurýarlar. Bir tarapda Türkiýe işjeňlik görkezýär, beýleki tarapda Hytaý hereket edýär. Munuň üstesine, Ukraina bilen uruş barýar” diýip, ol belledi. “Russiýanyň soňky hereketleri, bu bizi uzak wagtlap öz penjesinde saklamak synanyşyklarydyr” diýip, Akmatbek sözüne goşdy.
Forum