Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň baş sekretary Rutte Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Ukraina boýunça "oýlanyşykly dialog" gerek diýdi


NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte 24-nji noýabrda harby bileleşigiň Brýusseldäki ştab-kwartirasynda beren interwýusynda çykyş edýär.
NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte 24-nji noýabrda harby bileleşigiň Brýusseldäki ştab-kwartirasynda beren interwýusynda çykyş edýär.
  • NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte Azatlyk Radiosy bilen Ukrainadaky urşuň soňuna çykmak üçin ABŞ-nyň 28 maddadan ybarat meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşýar we bileleşigiň Ukraina bilen Waşingtonyň arasyndaky dialogy ösdürmekdäki roluny nygtaýar.
  • Meýilnamada jedelli çäreler, şol sanda Ukrainanyň goşunyny çäklendirmek, öz territoriýasyny Russiýa bermek we Moskwa garşy sanksiýalary ýeňilleşdirmek teklip edilýär, bu bolsa Ýewropada we Kiýewde başlangyç teklipde göz öňünde tutulmadyk aladalary döretdi.
  • Rutte islendik parahatçylyk ylalaşygynyň Russiýanyň Ukraina gaýtadan hüjüm etmeginiň öňüni almagynyň möhümdigini nygtady we Kiýewiň geljekde NATO agzalygyny aradan aýyrmady.


ABŞ-nyň parahatçylyk teklibi, Ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropanyň iň uly we iň ganly çaknyşygy bolan Russiýanyň Ukraina garşy urşunyň soňuna ýetmek ugrunda Kiýew bilen Waşingtony has ýakynlaşdyrmaga kömek etdi diýip, NATO-nyň başlygy Mark Rutte aýtdy.

Baş sekretar 24-nji noýabrda harby bileleşigiň Brýusseldäki ştab-kwartirasynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ABŞ-nyň we Ukrainanyň gepleşikçileriniň, Kiýew we onuň ýewropaly ýaranlary üçin garaşylmadyk, teklip boýunça hepdäniň ahyrynda Ženewada geçiren gepleşiklerini "örän üstünlikli" diýip häsiýetlendirdi.

"Elbetde, käbir elementler üns bilen gözden geçirilmeli" diýip, Rutte 28 maddadan ybarat meýilnama barada sözüni şeýle dowam etdirdi: "Bu, düýn öz maksadyna ýetdi we iki tarapa hem hakyky dialog başlamaga mümkinçilik berdi".

Rutte: Putin Must Face “Devastating Consequences” If He Tries To Invade Ukraine Again
please wait

No media source currently available

0:00 0:13:54 0:00

Geçen hepdäniň ahyrynda Azatlyk Radiosy bilen birlikde birnäçe habar beriş serişdelerine syzdyrylan bu meýilnama Ýewropanyň birnäçe paýtagtynda, şeýle hem Kiýewde howsala döretdi, käbirleri ony Kremliň "arzuw sanawy" diýip atlandyrdylar.

Meýilnamanyň şertleri Kiýew tarapyndan giň gerimli eglişikleri talap edýärdi we Kremliň köp talaplaryny, şol sanda Ukrainanyň Donbas diýlip tanalýan Donetsk we Luhansk regionlaryny we Krymy boýun egdirmegi, şeýle hem Ukrainanyň harby güýçleriniň sanyna çäklendirmeleri girizmegi öz içine alýan ýaly bolup görünýärdi.

Şeýle-de, teklip Moskwanyň dünýäniň öňdebaryjy senagatlaşan ýedi ýurdunyň toparyna (G7) gaýdyp gelmegine, Günbataryň Kremle garşy sanksiýalaryny ýuwaş-ýuwaşdan gowşatmagyna mümkinçilik bermegi hem öz içine alýar.

Teklip köpçülige mälim bolansoň, ýewropaly diplomatlar Kiýew üçin has amatly bolan garşy teklibi taýýarlamaga howlukdylar.

Niderlandlaryň 58 ýaşly öňki premýer-ministri Rutte "ÝB ýa-da NATO bilen baglanyşykly elementler aýratynlykda ara alnyp maslahatlaşylar" diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ilkibada Ukraina teklibe razy bolmak üçin 27-nji noýabra çenli wagt berdi, emma soňra bu wagt möhletini gowşatdy.

Täzeden gözden geçiriljek meýilnamanyň Ukrainanyň howpsuzlygynyň Russiýanyň geljekki howplaryndan nähili goraljakdygy ýa-da uruşdan soňky Ukrainanyň dikeldilmeginiň nädip maliýeleşdiriljekdigi ýaly meseleleri nähili çözjekdigi barada hiç hili açyk beýanat berilmedi.

Rutte hepdäniň ahyrynda Tramp we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen habarlaşandygyny tassyklady we teklibi setirme-setir ara alyp maslahatlaşmakdan saklandy.

Emma ol gepleşikleriň "soňky ýagdaýynyň" "Ukrainanyň öňe barýan özygtyýarly, güýçli millet bolmagy" we "Russiýanyň oňa hiç haçan gaýtadan hüjüm etmäge synanyşmazlygy" babatda bolandygyny nygtady.

“Men umuman ruslar we hususan-da Putin barada bir zady bilýärin. Bir ylalaşyk baglaşanyňyzda, ylalaşygy berjaý etmegiň onuň bähbidine boljakdygyna doly göz ýetirmelisiňiz” diýip, Rutte aýtdy.

“Şonuň üçin Ukraina boýunça parahatçylyk ylalaşygy baglaşylanda, onuň hiç haçan gaýtadan synanyşmazlygy örän möhümdir” diýip, ol aýtdy.

“Ol ok atyşygy bes temek baradaky uzak möhletli ylalaşykdan ýa-da has gowusy parahatçylyk ylalaşygyndan soň Ukraina ýene-de çozup girmäge synanyşsa, netijeleriniň özi üçin agyr boljakdygyny bilýän wagty, hiç haçan gaýtadan synanyşmaz” diýip, Rutte sözüne goşdy.

Ukrainanyň NATO agzalygy?

Rutte meýilnamanyň harby bileleşik bilen baglanyşykly iki tarapy barada öz pikirini beýan etdi: Russiýa bilen geljekki dialog we Ukrainanyň NATO-a agza bolmak mümkinçiligi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda bileleşigiň başlygy wezipesine girişen NATO-nyň başlygy Rutte geljekki gepleşikleriň 2022-nji ýylyň fewral aýynda Russiýanyň Ukraina doly göwrümli çozuşyndan öň geçirilen NATO-Russiýa Geňeşiniň howandarlygynda ýa-da 32 agzaly harby bileleşik bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän 1997-nji ýyldaky NATO-Russiýa Esaslandyryjy Kanunynyň gözegçiligi astynda geçirilmejekdigini aýtdy.

"Bu zatlar öldi, bu iki institut, NATO-Russiýa Geňeşi we NATO-Russiýa Esaslandyryjy Kanuny Putiniň Ukraina çozuş etmegi netijesinde öldi" diýip, Rutte Kremliň goňşusyna çozuşynyň "Günbatar gymmatlyklarymyzyň ähli esaslaryna we NATO-Russiýa Esaslandyryjy Kanunynyň nämeler üçin durandygyna we NATO-Russiýa Geňeşiniň nämeleri gazanmaga synanyşandygyna" garşy gelendigini sözüne goşdy.

ABŞ-nyň ilkinji teklibinde harby bileleşigiň mundan beýläk giňemeli däldigi aýdylsa-da, ol Ukrainanyň geljekde NATO agzalygyny doly aradan aýyrmady.

Muňa garamazdan, Rutte Kiýewiň NATO-a agzalygy meselesiniň häzirki wagtda göz öňünde tutulmaýandygyny hem sözüne goşdy.

“NATO-nyň çäginde ýerleşýän her bir ýurt, ýagny Ýewro-Atlantik sebitinde NATO-nyň agzasy bolmak isleýän her bir ýurt agzalyga ýüz tutup biler, we bu 1949-njy ýylyň Waşington şertnamasydyr. Emma agza bolmak üçin biragyzdanlyk (agza döwletleriň biragyzdan ses berip, kabul etmegi) gerek. Häzirki wagtda şeýle biragyzdanlyk örän uzakda” diýip, ol aýtdy.

"Häzirki wagtda Ukrainanyň NATO-a goşulmagyna garşydygyny açyk aýdýan birnäçe ýaranymyz bar... Elbetde, biz geçen ýyl Waşingtonda geçirilen sammitde NATO-nyň yzyna gaýdyp bolmajak ýolunyň bardygy barada aýdylan sözleri hem eşitdik. Şonuň üçin bu bir hakykat" diýip, Rutte belledi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG