Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin penşenbe güni Bişkekde geçirilen metbugat ýygnagynda Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Donbasda eýeleýän territoriýalaryndan çekilende Ukrainadaky söweşleriň bes ediljekdigini aýtdy.
Putin häzirki wagtda rus goşunynyň "ähli ugurlarda oňyn ösüş" görkezýändigini nygtady.
Wladimir Putin rus goşunynyň Donetsk sebitinde hem şol sanda tutuş front liniýasynda ynamly öňe gidýändigini birnäçe gezek aýtdy. Bu beýanat hemişe Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdeligi we Ukrainanyň ýokary syýasy ýolbaşçylary tarapyndan ret edilip ýa-da sorag astyna alnyp gelindi.
Putin Ženewada ukrain we ABŞ-nyň delegasiýalarynyň arasyndaky soňky gepleşikleriň netijeleriniň geljekki parahatçylyk ylalaşyklary üçin esas bolup biljegi baradaky pikirini bildirdi. Russiýanyň prezidenti awgust aýynda Alýaska saparyndan we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşygyndan soň, mümkin bolan parahatçylyk ylalaşyklarynyň 28 maddadan ybarat sanawynyň dörändigini aýtdy. Bu sanawdaky käbir düzgünler rus-amerikan gepleşiklerinden öň ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Putin aýtdy.
ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoff bilen Russiýanyň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow we ýörite wekili Kirill Dmitriýew arasynda geçirilen telefon söhbetdeşlikleriniň syzdyrylmagy baradaky habarlar babatynda Wladimir Putin olaryň "galp" ýa-da "hakykatdan diňlenen söhbetdeşlikler" bolmagynyň mümkindigini ret etmedi. "Aslynda, bu biziň ýurdumyzda jenaýatdyr. Gizlin diňlemek gadagandyr" diýip, Putin sözüniň üstüne goşdy.
Geçen hepde metbugata syzdyrylan Tramp administrasiýasynyň 28 maddadan ybarat parahatçylyk meýilnamasy Ukrainanyň amatsyz şertler bilen ýüzbe-ýüz bolmagynyň mümkindigi barada alada döretdi, şol sanda Kiýewiň NATO goşulmak islegleri we Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň sanyny çäklendirmek ýaly talaplar agzaldy. Şeýle hem metbugatda Krymyň, Donetsk we Lugansk sebitleriniň de-fakto Russiýa degişli bolmagyny ykrar edýän düzgünleriň taslamada bardygy habar berildi.