Günbataryň rus energiýa üpjün edijilerine garşy girizen sanksiýalarynyň güýçlendirilmegi we Türkiýäniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň alternatiw çig nebit görnüşlerine geçmegi sebäpli, Türkiýe 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Russiýanyň “Urals” markaly nebitiniň importyny kesgin azaltdy diýip, “Roýters” agentligi “Kpler” we “LSEG” analitik platformalaryna salgylanyp habar berdi.
Analitikleriň maglumatlaryna görä, “Urals” markaly nebitiň Türkiýä iberilýän mukdary noýabr aýynda oktýabr aýyna garanyňda günde 100 müň barrel azaldy, geçen aý bolsa, umumy import günde takmynan 200 müň barrele çenli aşak düşdi.
Ýewropaly alyjylar 2022-nji ýylda Russiýadan nebit satyn almakdan ýüz öwürmäge başlanyndan soň, Türkiýe Hindistandan soňra “Urals” çig nebitiniň iň uly alyjysy boldy.
Bu pese gaçyş ABŞ-nyň Russiýanyň “Lukoil” we “Rosneft” kompaniýalaryna garşy girizen sanksiýalarynyň Türkiýäniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň bilelikde işläp biljek üpjün edijileriniň çägini daraltmagy netijesinde ýüze çykdy.
“Kpleriň” maglumatyna görä, “Urals” markaly nebitiň üpjünçiliginiň azalmagy bilen birlikde, Türkiýe alternatiw çig nebitleriň, şol sanda Gazagystanyň “CPC Blend” we KEBCO markaly nebitleriniň, şeýle-de Yragyň “Basrah” markaly nebitiniň importyny artdyrdy.