Azatlyk Radiosynyň "Salam, Dogan!" rubrikasynyň nobatdaky sany köp aýallyk meselesine gönükdirilýär.
Köp aýallyk Türkmenistanyň kanunlaryna ters gelýän, emma durmuşda köp duş gelýän ýagdaýa öwrüldi.
Bir erkek adamyň bir wagtda birnäçe aýally bolmagy, ýagny biri bilen resmi nikada bolup, başgasy ýa-da birnäçesi bilen ýaşaşmagy, çagaly bolmagy türkmen jemgyýetinde adaty bir ýagdaý ýaly kabul edilýär we gitdigiçe ýaýbaňlanýar.
Muňa näme sebäp bolýar?
Gepleşigiň şu günki sanynda köp aýallyk bilen bagly ýagdaýyň Türkmenistandaky aýratynlyklaryna, bu ýagdaýyň gelip çykyşyna, ýaýramagynyň sebäplerine we adamlaryň durmuşyna, maşgala gatnaşyklaryna, çagalaryň geljegine ýetirýän täsirlerine syn ederis.
Gepleşigiň hemişeki myhmany "Progres" fondunyň we "Saglyk" programmasynyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum