Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň duýdansyz öwrümi Russiýanyň Ukraina bilen söweşi üçin nämäni aňladýar?


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (sagda) we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý. 23-nji sentýabr, 2025 ý. Nýu-Ýork şheri, ABŞ.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (sagda) we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý. 23-nji sentýabr, 2025 ý. Nýu-Ýork şheri, ABŞ.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp garaşylmadyk ýagdaýda pozisiýasyny üýtgetdi we Ukrainanyň Ýewropaly howandarlarynyň kömegi bilen Russiýanyň basyp alan ýerleriniň hemmesini yzyna alyp biljekdigini aýtdy.

Trampyň 23-nji sentýabrda Nýu-Yorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäginde Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen geçiren gepleşiklerinden soň sosial ulgamda paýlaşan maglumaty tizden-tiz tolkun döretdi: Geçmişde Tramp we beýleki ABŞ resmileri Ukrainanyň islendik parahatçylyk şertnamasynda özüniň käbir ýerlerini Russiýa bermeli boljakdygyny berk teklip etdiler.

Fewral aýynda Ak tamda geçirilen dartgynly ýygnakda Tramp ukrain prezidentine Ukrainanyň uruşda ýeňiş gazanmak mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdypdy.

Ýöne Trampyň sosial ulgamda paýlaşan soňky maglumaty jogap berilmedik möhüm soraglary döretdi.

Tramp urşy bes etmek baradaky tagallalaryndan ýüz öwrermi? ABŞ-nyň Russiýa garşy täze sanksiýalary henizem gün tertibindemi? Ritorikanyň üýtgemegi, Kremliň Ukrainadaky söweş baradaky hasaplamalaryny üýtgedip bilermi?

“Putin we Russiýa ULY ykdysady kynçylykda” diýip, Tramp "Truth Social" sosial ulgamynda çap eden maglumatynda Ukrainanyň “wagt, sabyr we Ýewropanyň, esasanam NATO-nyň maliýe goldawy” bilen, öz serhetlerine gözegçiligi gaýtadan dikeldip biljekdigine täzelikde ynam bildirmeginiň esasy sebäplerinden biriniň Moskwanyň maliýe kynçylyklarydygyny belledi.

Tramp Moskwanyň söweş ukybyny has-da gowşatmak üçin Russiýa we onuň Ukraina çozuşyna kömek edýän ýurtlara garşy täze sanksiýalar girizmek barada birnäçe gezek haýbat atsa-da, bu babatda jeza çäreleri hakda hiç zat aýtmandy. Käbir synçylar onuň bu aýdanlarynyň ABŞ-nyň täze sanksiýalary girizmejekdigine yşarat edýändigini aýdypdy.

Ýöne Tramp birnäçe sagat öň BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda, eger Russiýa “urşy bes etmek barada şertnama baglaşmaga taýyn bolmasa” Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “gaty güýçli tarifler bukjasyny girizmäge doly taýýardygyny” aýtdy.

Şol bir wagtda, ol Ýewropanyň hem şuňa meňzeş çäreleri görmelidigi dogrusyndaky soňky şertini gaýtalady we “bu tarifleriň täsirli bolmagy üçin Ýewropa ýurtlary hem... şol bir degişli çäreleri kabul edip, bize goşulmaly bolar” diýdi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda ikinji prezidentlik möhletine başlanda urşy bes etmegi ileri tutýandygyny aýdan Trampyň Russiýanyň Ukrainanyň territoriýasynyň ep-esli bölegine gözegçilik etmegini üpjün etjek parahatçylyk şertnamasyny kabul etmegi üçin Kiýewe basyş görkezip biljekdigi baradaky howatyrlanmalar Ukraina üçin uly aladady.

Russiýa häzirki wagtda Ukrainanyň territoriýasynyň takmynan 20 göterimini basyp aldy we Donetsk, Luhansk, Zaporižýa we Herson sebitleriniň öz gözegçiliginde bolmadyk böleklerine hem kontrollyk edýändigini esassyz öňe sürýär.

Trampyň täze çykyşy Waşingtonyň territorial eglişik etmegi üçin Ukraina basyş etmejekdigini görkezýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG