Azerbaýjandan Türkiýä dolanýan pursady Gürjüstanyň asmanlarynda heläkçilige uçran türk harby ýük uçarynyň bortundaky 20 adamyň ählisi heläk boldy diýip, Türkiýe resmileri hadysadan bir gün soň, ýagny 12-nji noýabrda mälim etdiler.
Türkiýäniň goranmak ministri Ýaşar Güler X sosial ulgamynda çap eden beýanatynda: “Biziň gahryman ýoldaşlarymyz, 2025-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Azerbaýjandan Türkiýä dolanmak üçin howa galdyrylan C-130 kysymly harby ýük uçarymyzyň Gürjüstan-Azerbaýjan serhediniň golaýynda ýere gaçmagy sebäpli, şehit boldy” diýdi, şeýle-de merhumlaryň 20 suratyny ýerleşdirildi.
Bu beýanatdan öň, Türkiýäniň Goranmak ministrligi, şeýle-de Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi hem bolup geçen heläkçiligi tassykladylar. Hadysanyň Gürjüstanyň Azerbaýjan bilen serhedinden takmynan 5 kilometr uzaklykda ýüze çykandygy habar berildi.
Türk we gürji häkimiýetleriniň Gürjüstanyň Kaheti sebitiniň Signagi etrabyndaky bu ýerde gözleg-seljeriş işlerine girişendikleri aýdylýar.
Dünýäniň köp sanly liderleri, şol sanda Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň ýolbaşçylary, şeýle hem NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte bu hadysa bilen baglylykda gynanç bildirdiler.
ABŞ-nyň Stambuldaky ilçisi Tom Barrak hem X ulgamyndaky ýazgysynda öz ýurdunyň heläkçilik boýunça Türkiýä raýdaşlygyny mälim etdi.
Bu aralykda, giňden ulanylýan C-130 “Hercules” kysymly uçarlaryň öndürijisi, ýagny Birleşen Ştatlaryň “Lockheed Martin” kompaniýasy hem gynanç bildirdi we derňew işleriniň dowamynda Türkiýä mümkin bolan ähli kömegi etmäge taýýardygyny mälim etdi.
Sosial ulgamlarda uçaryň ýere gaçýan pursatlaryny görkezýän gysga wideolaryň ençemesi peýda boldy. Azatlyk Radiosy tarapyndan tassyklanan bu wideolaryň birinde uçaryň tutuş fýuzelažynyň we onuň serişdeleriniň bölünip, ýere gaçýandygy görse bolýar.
Forum