Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen kikboksçylary Abu-Dabide geçen Dünýä çempionatynda 2 altyn, 1 bürünç medal gazandy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Döwlet eýeçiligindäki metbugat türkmen kikboksçylarynyň 21-30-njy noýabr aralygynda Abu-Dabi şäherinde (BAE) geçirilen Dünýä çempionatynda 2 altyn, 1 bürünç medal gazanandygyny habar berýär.

Bu bäsleşige dünýäniň 84 ýurdundan 1637 türgen gatnaşdy, türkmen milli ýygyndysynyň iki wekili hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna galdy diýip, habarda bellenýär.

Atajan Atamyradow 54 kg çenli agram derejesinde "low-kick" (low-kik) görnüşinde altyn medal gazandy.

Pygy Silapow hem altyn medal gazanyp, 57 kg çenli agram derejesinde "full-contact" (full-kontakt) görnüşinde dünýäde iň gowy netijäni görkezdi.

Topara ýene bir baýragy Toýlymyrat Egeleýew getirdi. Ol 79 kg çenli agram derejesinde "kick-light" (kik-laýt) görnüşinde III orny eýeläp, bürünç medalyň eýesi boldy diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG