Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda manadyň täze nusgalary dolanyşyga girizilýär


Täze manatlar
Täze manatlar

Türkmenistanda, görnüşinden, ozalky prezident, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň at üstündäki heýkeliniň suraty ýerleşdirilen 200 manatlyk dolanyşyga girizildi. Bu öňki prezidentiň şekiliniň türkmen manadynda ilkinji gezek ýerleşdirilişi bolar.

Merkezi bank 1-nji dekabrdan, ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap, modifisirlenen 1, 5, 10 manatlyk polimer banknotlary, şeýle-de ilkinji gezek 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizýär diýip, TDH habar berdi.

Merkezi bankyň metbugat beýanatynda aýdylmagyna, täze pullaryň esasy aýratynlygy — hapalanma, könelme, zeperlenme ýaly daşky täsirlere durnukly bolmagy bilen bagly. Banknotlaryň gorag elementleri güýçlendirilip, olaryň hakykylygyny anyklamaga mümkinçilik berýän şekiller hem kämilleşdirildi diýip, habarda bellenýär.

1, 5 we 10 manatlyk banknotlaryň reňki hem-de şekilleri üýtgewsiz galýar, olara goşmaça diňe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşany goşuldy.

Täze 200 manatlyk banknotyň öň tarapynda “Arkadag” binasy, arka tarapynda Arkadag şäher häkimliginiň binasy ýerleşdirildi.

Täze banknotyň ýüz tarapynda olaryň çykarylan senesi, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilesi görkezilýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji, 2017-nji, 2020-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi bolmagynda galýar diýip, habarda bellenýär.

XS
SM
MD
LG