Parahat 7-de ýyladyş sistemasynyň turbasy ýaryldy

Bu waka geçen ýylyň 30-njy dekabryndan 31-nji dekabryna geçilýän gije boldy.

Suw turbalarynyň ýarylmagy netijesinde ýyladyş sistemalary 12 sagat çemesi işlemedi.

Bu bolsa gyşyň aýazly günlerinde ýaşaýjylaryň sowukda birnäçe sagat kösenmegine sebäp boldy.

Şeýle-de, bejeriş işleri geçirilýän döwri ýaşaýjylaryň agyz suwy hem kesildi. Bu bolsa, Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda, ýaşaýjylara käbir bökdençlikleri döretdi.

Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasyndaky jaýlaryň gurlup, bu ýere ýaşaýjylaryň göçüp baranyna 5 ýyl çemesi wagt boldy. Emma muňa garamazdan, bu sebitde suw turbalarynyň hatardan çykmagy bilen baglanyşykly wakalara ýygy-ýygydan duş gelse bolýandygyny ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

Öý hojalyk edarasynyň ýarylan turbalary bejermäge gelen işçisi.

Jaýlaryň ýerzeminlerindäki suwlar.