Aşgabat: Parahatda ýyladyş sistemasynyň turbasy ýaryldy

Parahat 7-de ýyladyş sistemasynyň turbasy ýaryldy

Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynyň 19 jaýynda Täze ýylyň öň ýanynda, ýyladyş sistemasynyň suw turbalary ýaryldy. Munuň netijesinde ýaşaýjylar 12 sagat çemesi sowukdan kösenmeli boldular.

Parahat-7 etrapçasyndaky jaýlaryň gurlup, bu ýere ýaşaýjylaryň göçüp baranyna 5 ýyl çemesi wagt boldy. Emma muňa garamazdan, bu sebitde suw turbalarynyň hatardan çykmagy bilen baglanyşykly wakalara ýygy-ýygydan duş gelse bolýandygyny ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa maglumat taýýarlady.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabat: Parahatda ýyladyş suw turbasy ýaryldy