Adam hukuklaryny goraýjy guramalar türkmen häkimiýetlerini esaslandyrylmadyk aýyplamalar esasynda, öz esasy hukuklaryny we azatlyklaryny parahatçylykly ulanandyklary üçin azatlykdan mahrum edilen raýatlary azat etmäge çagyrdylar.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljek gününiň, 12-nji dekabryň öňüsyrasynda çap edilen çagyryşa Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlyk (IPHR), Adam hukuklary boýunça Türkmen başlangyjy (TIHR), “Turkmen.News” neşiri we Norwegiýanyň Helsinki komiteti (NHC) gol çekipdir.
Şeýle-de, düýbi daşary ýurtlarda ýerleşýän we wekilleri Türkmenistana goýberilmeýän guramalar Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlaryny bu başlangyjy goldamaga, adalatsyz tussag edilenleriň boşadylmagyny talap etmäge we parahat raýat jemgyýeti aktiwistleriniň yzarlanmagynyň bes edilmegini talap etmäge çagyrýarlar.
Çagyryşda Mansur Mingelow, Myrat Düşemow, Alişer Sahatow, Abdylla Orusow, Farhat Meýmankuliýew, Mälikberdi Allamyradow, Saddam Gulamow ýaly aktiwitleriň atlary agzalýar.
Türkmenistanda uly baýramçylyklar mynasybetli yglan edilýän günä geçişlerde, adatça, syýasy tussag, wyždan ýesiri hasaplanylýan bendiler azatlyga goýberilmeýär.