Azatlygyň çeşmeleri Arkadag şäheriniň soňky döwürde ýurtda jaý parahorlugynyň resmi däl merkezine öwrülendigini, sebäbi beýleki ugurlarda ýeňillikli karz bilen berilýän ýaşaýyş jaýlaryň gurluşyklarynyň tas ýatyp galandygyny habar berýärler.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, Arkadagda gurulýan jaýlary aljak adamlar bu şäherde ol ýa-da beýleki işde işleýän, aýlyk alýan adamlar bolmaly.
Bu ýagdaý Arkadagda işe girjek bolýan adamlardan soralýan paranyň hem düýpli ýokarlanmagyna getirdi, iş üçin para indi uzak wagt bäri ‘bolmaly zat’ ýaly seredilýär diýip, synçylar aýdýar.
Arkadagda jaý almak üçin Arkadagda işlemeli
Sosial mediada öz tejribesini paýlaşan bir gelniň sözlerine görä, Arkdagda sübsegär bolup işe girmek üçin hem uly para soralýar.
“Ahal welaýatynyň merkezi Arkadag säheriniň döredilmegi we bu ýerde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň barha güýçlendirilmegi, akylly şäherdäki jaýlaryň ulanyşa berilmezinden öň soralýan para-peşgeşleriň hem artmagyna getirdi” diýip, habarçymyz bilen gürleşen ýaşaýjy aýtdy.
Degişli maglumat Arkadag şäherindäki köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlaryna gündizlerine suw çykmaýar – ýaşaýjylarOnuň sözlerine görä, döwlet edaralarynda işleýän adamlara berilýän ýeňillikler we ipoteka esasynda jaý satyn almak üçin döredilen mümkinçilikler ýurtda ‘jaý parasy’ diýilýäniň giň ýaýramagyna we ilat arasynda ‘ornaşmagyna’ ýol açdy.
“Ýöne soňky döwürde, ykdysady çökgünligiň çuňlaşmagy zerarly, başga pudaklarda täze jaýlaryň gurulmagy doly durdy diýsem hem bolar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen adamlar ýurtda jaý meselesiniň ilat üçin iň uly meseleleriň birine öwrülýändigini, bir otaglyja jaýa zar bolan we özbaşyna öý-işikli bolmak üçin daşary ýurtlarda ençeme ýyllap günde 13-14 sagat işleýän, çagalaryndan aýralykda beden we ruhy saglygyny ýitirýän ene-atalaryň hem az däldigini aýtdylar.
Nebit-gaz pudagy işgärlerine aýlyklaryny 'zordan berýär'
“Ozallar nebit-gaz pudagynyň işgärleri üçin her ýylda birnäçe jaý gurlup, dabara bilen ulanmaga berlerdi. Häzir bu pudak hem dürli kynçylyklara sezewar bolýar we işgärlere ýeňillikli şertde beriljek täze jaýlary gurdurmagyny bes etdi” diýip, ýerli hünärmen aýtdy.
Onuň sözlerine görä, nebit-gaz pudagynyň häzirki ýagdaýy “At çapanyňdan geçdik, eýeriň gaşyndan berk ýapyş diýlenine bardy. Bu pudak häzir öz wagtynda işgärleriniň aýlyk zähmet hakyny zordan töleýär.
Emma muňa garamazdan, çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Arkadag säherinde gurulýan täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşyklary häzir hem güýçli depginde dowam etdirilýär.
Aýdylmagyna görä, Arkadag şäherinde gurulýan köp gatly jaýlardan ipoteka karzlary esasynda jaý almaga synanyşýanlaryň sany müňlerçe bolup, bu ýagdaý goşmaça, bikanun gazanç etmäge çalyşýan döwlet emeldarlarynyň hem ‘işdäsini açýar’.
Bir tarapdan, Arkadagda jaý almak, işe girmek bilen bagly berim-peşgeşiň şeýle köpelmegi ýurtda ýaşaýyş jaýyna bolan mätäçligiň nähili ýokarlanýandygyny görkezse, ikinji tarapdan, soňky netijeleri barada oýlanman, kanuny bozmaga taýýar bolýan adamlaryň hem şonça köpelýändigini yşarat edýär diýip, ýerli synçy aýtdy.
Jaý mätäçligi para töwekgelçiligine baş goşýanlary köpeldýär
“Arkadag şäherinden jaý satyn almagyň ilkinji şerti, jaý aljak adam hökman bu şäherde işleýän raýat bolmaly. Islendik ugurda, tapawudy ýok. Arkadag şäheriniň saglyk merkeziniň lukmany ýa-da tam süpürijisi, jemagat hojalygynda tämizleýji, polisiýa we ýangyn howpsuzlygy gullugynda, tapawudy ýok, şu şäherde işiň bolmaly. Şu sebäpden bara berip, adamlar islendik gara işde işlemäge hem kaýyl bolýar” diýip, çeşme aýtdy.
Degişli maglumat Arkadag şäherinden jaý satyn alan welaýat ýaşaýjylarynyň jaýlary ellerinden alynýarOnuň sözlerine görä, häzir gurluşygy tamamlanmadyk, ýöne birnäçe aýdan ulanmaga berilmegine garaşylýan jaýlaryň girelgesinde gözegçi, il içinde “wahtýor” diýilýän wezipä esasan zenan maşgalalar işe alynýar.
Garawul wezipesine, jaýlaryň ýyladyş ulgamyna, ýyladyjy gazanlaryň operatory wezipesine esasan erkek adamlary işe alýarlar.
Anonimlik şertinde gürleşen çeşmäniň tassyklamagyna görä, jaý almak üçin işe ýerleşen onlarça adamyň her biri, özlerine edilen kömek üçin, Arkadag şäher häkimliginiň iki sany jogapkär işgärine we polisiýa wekiline 30 müň manat möçberinde para beripdir. Ol bu ýagdaýyň MHM-ä mälim bolandygyny we 23-nji noýabrda para bermekde güman edilýän adamlaryň soraga çekilendigini, olardan düşündiriş alnandygyny aýtdy.
Şeýle-de, çeşme Arkadag şäher häkimliginiň iki sany jogapkär işgäriniň, bu işe goşulmakda güman edilýän polisiýa ofiseriniň saklanyp, deslapky tussaghana ýerleşdirilendigini, derňew işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, işe girmek üçin para beren adamlaryň hem puly köýdi, hem-de olar öz islegleri boýunça arza ýazyp, Arkadag şäherindäki işlerinden çykmaly boldular.
Emma Azatlyk bu aýdylýanlary ýerinde barlap, garaşsyz ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Maglumat üçin aýdylsa, “Turkmen.News” neşiri 21-nji noýabrda türkmen häkimiýetleriniň 18-nji noýabrdan bäri Arkadag şäherindäki ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan adamlaryň şäherde işleriniň bardygy ýa ýokdugy boýunça barlag geçirýändigini habar berdi.
Garaşsyz neşiriň öz çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, köp gatly jaýlaryň her birinde ýaşaýanlaryň ýarysyna golaýy, şäherde işlemeýändigi üçin, satyn alan jaýyndan çykarylýar.
Türkmen häkimiýetleri bu hili habarlara hiç bir reaksiýa bildirmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.