Awazada býujet işgärleri mejbury arassaçylyk işlerine çekilýär, köçeler ýapylýar

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky polisiýa işgärleri (Arhiw suraty)

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ýapyp, bu ýerde geçiriljek maslahata giň gerimli taýýarlyk görýärler. Bularyň çäginde welaýatyň dürli etraplaryndan getirilen edara-kärhanalaryň we jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri arassaçylyk işlerine çekilýär.

Şeýle-de, sebitde köçeler yzygiderli ýapylýar, merkezi bazarda emeli azyk bolçulygy döredilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

“Awazadaky arassaçylyk işlerine kommunal tämizlikçiler bilen bir hatarda, pagta ýygymyndan ýaňy boşan býujetçiler hem mejbury çekilýärler. Bu işler 9-10-njy dekabrda ‘Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek’ atly halkara maslahata taýýarlyklaryň çäginde geçirilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat Awazada zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy geçirildi

Sebitiň edara-kärhanalaryndaky çeşmelerimiziň birnäçesi bu taýýarlyklara prezidentiň aýal dogany, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy Oguljahan Atabaýewanyň hut özi tarapyndan gözegçilik edilýändigini aýdýar.

“Atabaýewa her gün Awaza sapar edýär. Her gün ýollar ýapylýar. Howa menzilinde Aşgabat-Türkmenbaşynyň arasynda adaty raýatlar üçin uçar reýsleriniň sagady üýtgedilip, 1-2 sagat gijikdirilýär. Ol örän berk goralýar. Onuň ulag kerweniniň hatarynda azyndan dört sany sowutly ulagy görse bolýar” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Atabaýewa Awazada we Türkmenbaşy şäherinde maslahata geljek myhmanlaryň baryp görmegine garaşylýan ýerlerine hem aýlanýar.

“Ol bu ýerdäki abatlamak, abadanlaşdyrmak we arassalamak işleri bilen hut özi tanşyp, “Kenar” daýhan bazarynyň içini her gün aýlanyp görýär. Welaýatyň söwda bölüminiň ýolbaşçylary bazary emeli bolçulyk, arzan gök-bakja önümleri bilen doldurdylar. Ýöne Atabaýewa bazary barlap gidýänçä, oňa hiç kimi goýbermeýärler. Eli rasýaly raýat eşikli MHM (Milli howpsuzlyk ministrligi) ofiserleri bazarda nobatçylyk edýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly býujet işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Mundan başga-da, sebitde içerki migrantlary, ýagny ýurduň beýleki welaýatlaryndan gelip, Balkanda zähmet çekýän raýatlary sebitden wagtlaýyn çykarmak çäreleri hem güýçlendi.

“Bu çäreleriň çäginde polisiýa işgärleri şäheriň köçelerinde we köpçülikleýin ýerlerinde dilegçilik edýän çagalary hem ýygnadylar. Olar wagtlaýyn Jangadaky tussaghana ýerleşdirildi. Awazanyň myhmanhanalarynda ten satmak bilen meşgullanýan zenanlary hem ýygnadylar. Forum geçýänçä Türkmenbaşyda we Awazada siňek uçmasy hem kynlaşdy” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Degişli maglumat Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär

Azatlyk bu çäreler barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Türkmenbaşynyň we Awazanyň häkimliklerinden teswir alyp bilmedi.

Bu taýýarlyklar we olaryň ilata ýetriýän täsirleri barada türkmen häkimiýetleri ýa-da metbugat serişdeleri tarapyndan hem aç-açan maglumat berilmeýär.

Resmi metbugat 24-nji noýabrda G.Berdimuhamedowyň dekabr aýynda Awazada geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkana iş saparyny amala aşyrandygyny habar berdi.

TDH şonda Berdimuhamedowyň haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi teklip edilýän ýere baryp görendigini, onuň açylyşyny ýokary derejede geçirmek barada maslahatlary berendigini aýtdy.

Berdimuhamedow gaznanyň şahamçasynyň ýerleşjek binasynyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, bu künjekde gök zolaklaryň, bagy-bossanlygyň döredilmegine ähmiýet berilmelidigini belledi we bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň Awazanyň çäklerindäki ekologik ýagdaýyň has-da gowulanmagyna öz täsirini ýetirjekdigini aýtdy diýlip, habarda bellendi.

Ýöne adatça bolşy ýaly, habarda bu taýýarlyklaryň çäginde köçeleriň ýapyljakdygy, uçar reýsleriniň gijikdiriljekdigi, býujet işgärleriniň mejbury arassaçylyk işlerine çekiljekdigi, dilegçi çagalaryň wagtlaýyn tussaghana ýerleşdiriljekdigi, içerki migrantlaryň sebitden çykaryljakdygy barada hiç hili gürrüň gozgalmady.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.