Balkanyň edara-kärhanalaryna aýlyklary, pensiýalary, kömek pullaryny 10% ýokarlandyrmagy bes etmek barada habarnama paýlandy

Döwlet edaralarynyň biriniň howlusynda duran ýaşaýjylar (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda raýatlaryň aýlyk zähmet, pensiýa, talyp we diňleýji haklaryna we döwlet kömek pullaryna degişli iki sany üýtgetme güýje girýän ýaly bolup görünýär. Olaryň birinjisi - 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap raýatlaryň aýlyk zähmet, pensiýa, talyp we diňleýji haklarynyň hem-de döwlet kömek pullarynyň 10% ýokarlandyrymagy bes edilýär.

Ikinjisi bolsa - Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda iki aýyň zähmet hakyny öňünden bermek tejribesi ýatyrylýar. Bu ýagdaýlar barada Balkan welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, şol sanda hasapçylarynyň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Bu üýtgetmeler barada ýurduň pudak edaralaryna we pensiýa gaznasynyň ýerli edaralaryna ýörite hat üsti bilen habarnamalar gelip gowuşdy. Habarnamada raýatlaryň aýlyk zähmet, pensiýa, talyp we diňleýji haklaryny we döwlet kömek pullaryny her ýylyň 1-nji ýanwaryndan 10% ýokarlandyrmak tejribesiniň şu ýyl bes edilýändigi mälim edilýär” diýip, sebitiň döwlet edaralarynyň biriniň hasapçysy anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat Halk Maslahatynda aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi

Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri her ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap raýatlaryň zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10% ýokarlandyrylýar. Ýöne adatça bu baradaky karar yglan edilenden sanlyja gün soň, ýurtda azyk önümleriniň we beýleki hyzmatlaryň bahalary azyndan onlarça göterim gymmatlaýar.

"Aýlyklary 2025-nji ýyldaky ýaly görkezmek..."

Şeýle hem hatda, söhbetdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, G.Berdimuhammedowyň döwründen bäri däp bolup gelýän Täze ýylyň öň ýany iki aý iş hakyny öňünden bermek tejribesiniň hem şu ýyl ýatyrylýandygy aýdylýar.

“Bu habarnama, noýabryň üçünji ongünlüginiň başynda 2026-njy ýyl üçin döwlet býujeti hakyndaky kanun kabul edilensoň, geçen hepdäniň dowamynda degişli edara-kärhanalara, müdirliklere, şol sanda pensiýa gaznasyna paýlandy” diýip, bu habarnamadan ýakyndan habarly balkanly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

“Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky” kanuny ýurduň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda kabul edildi. TDH-niň habaryna görä, 22-nji noýabrda geçirilen maslahatda deputatlar kanunyň taslamasynyň kabul edilmegine biragyzdan ses berdiler.

“Döwlet býujeti hakyndaky kanunda aýlyklary, pensiýalary 10% köpeltmek hakda hiç hili bent ýok. Şoňa laýyklykda, ykdysadyýet pudagyna ýolbaşçylyk edýän wise-premýeriň adyndan gelen habarnamada aýlyklary, pensiýalary, kömek pullary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan köpeltmezlik tabşyrylýar” diýip, ýerli pensiýa bölümleriniň biriniň işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Bu habarnamadan soň, söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, edara-kärhanalaryň hasapçylaryna 2026-njy ýyl üçin aýlyklary öňküsi ýaly, ýagny 2025-nji ýyldaky ýaly hasabatda görkezmek tabşyryldy.

Degişli maglumat Iýmelimi ýa-da derman almaly? Türkmen pensionerleri krizisde gün görmäge synanyşýarlar

Azatlygyň bu aýdylanlar barada 2-nji dekabrda sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyndan telefon arkaly teswir almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary oňyn netije bermedi.

"Ilat arasynda has uly nägilelik tolkuny..."

Bu üýtgetmeler barada häzirlikçe döwlet metbugatynda we hökümetçi neşirlerde hem aç-açan hiç bir gürrüň gozgalmaýar.

Ýöne bu habar Balkanabat şäherinde ýyldyrym çaltlygy bilen ýaýrady we ilat arasynda nägileligiň, gahar-gazabyň döremegine, raýatlaryň köpüsiniň özara gürrüňdeşlikde ýurt ýolbaşçylaryna aç-açan nälet-gargyşlary aýtmagyna getirdi.

“Hiç kimiň eli işe baranok. Onsuzam aýlygymyz ujypsyzjady. Azyk hem gaty gymmat. Işläp pul artdyrjak gümanyň ýok. Adamlar, pensionerler gaty gaharly we nägile. Olar giden gerekmejek, boş duran binalaryň gurluşygyna, halkara forumlara millionlap dollar sarp etmegiň deregine, adamlaryň sosial goraglylygyna üns berilmeli diýýärler. Köp adam bu üýtgetmäniň ilat arasynda has uly nägilelik tolkunynyň döremegine getirmeginden alada edýär” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Bu üýtgetmeler, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 19-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde edaranyň Ýaşulular geňeşiniň bir agzasy çykyş edip, ýurtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyny bes etmegi teklip etmeginden soň boldy.

Aşgabadyň Maslahat köşgünde çykyş eden “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň eýesi Ýazmyrat Atamyradow bu teklibi etmeginiň sebäbini “halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejä ýetendigi” bilen düşündirdi.

“Bu gün her bir maşgalanyň eli uzadan ýerine ýetýär. Agzybir halkymyz parahat, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşaýar” diýip, Atamyradow “adamlar üçin döredilýän şeýle ýeňillikleriň dünýäniň hiç bir ýurdunda-da ýokdugyny” hem öňe sürdi.

"Wajyp" ugurlara gönükdirmek...

Ýaşuly öz çykyşynda “tygşytlanyljak serişdeleriň ýurdy mundan beýläk-de ösdürmäge, beýleki wajyp ugurlara gönükdirilmeginiň has-da talabalaýyk boljakdygyny” nygtap, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowdan bu teklibi goldamagy “tüýs ýürekden” haýyş etdi.

Şonda häkimiýetler we döwlet mediasy bu teklibiň kabul edilendigi ýa-da edilmändigi barada anyk bir zat aýtmadylar.

Ýöne bu teklip, ýurtda aýlyklaryň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 10% ýokarlandyryljakdygy baradaky kararyň bu ýyl, soňky 20 ýyla golaý wagtyň dowamynda tas ilkinji gezek, öňünden yglan edilmeýän mahalyna gabat gelipdi.

Adatça 10% ýokarlandyrma baradaky karar her ýylyň iýul aýynda geçirilýän hökümet maslahatynda yglan edilýär. Ýöne şu ýyl häkimiýetler tomus aýynda geçirilen hökümet mejlisleriniň hiç birinde bu meseläni gozgap, şeýle kararyň kabul edilendigini mälim etmediler.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri agyr ykdysady kynçylyklar dowam edýär, ilat giň ýaýran işsizlik, azyk önümleriniň we hyzmatlaryň gymmatlamagy bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar. Müňlerçe türkmenistanly eklenç gözleginde daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmäge mejbur bolýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.