Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2-nji dekabrda Mary welaýatyna iş saparyna baryp, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda, bu toplumy ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Adatça bolşy ýaly, maslatyň jikme-jiklikleri açylmaýar.

Prezident sebitdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetiriilişi bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.

TDH-nyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, hökümet başlygynyň oba hojalygyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýew ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet baştutany hasabaty diňläp, ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işiniň oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedigini belledi.

Şeýle-de, habarda prezidentiň wise-premýere birnäçe anyk tabşyryk berendigi aýdylýar we soňky ýigrimi ýurduň oba hojalygyny özgertmek, has netijeli etmek hakynda her ýygnakda diýen ýaly gaýtalanan umumy jümleler gaýtalanýar.

Azatlygyň habarçylary bilen gürleşýän hünärmenler ýurduň oba hojalygynyň çuňňur krizis ýagdaýyna düşendigini, oba adamlarynyň garyp düşendigini we bu meseleleri nämedigi aýdylmaýan ‘birnäçe tabşyryk’ bilen çözüp bolmajakdygyny aýdýarlar.