Berdimuhamedowyň doglan gününde polisiýa baýramçylyk lybasyna geçirildi

"Türkmenabatda ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň ählisi köçelere baýramçylyk ak köýneklerinde çykdylar".

22-nji sentýabrda Türkmenistanda prezident Serdar Berdimuhamedowyň 42-nji doglan gününe gabat ýol polisiýasy baýramçylyk lybasyna geçirildi, şeýle-de howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Mundan başga-da, resmi taýdan baýram güni hökmünde ykrar edilmedik bu senede, käbir sebitleriň Toý mekanlarynda ilki bilen prezidentiň doglan güni mynasybetli onuň şahsyýet kultuny dabaralandyrýan öwgüli çykyşlary etmek tabşyryldy.

“Anna güni Lebabyň merkezi şäheri Türkmenabatda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň ählisi köçelere baýramçylyk ak köýneklerinde çykdylar. Olaryň sany adatdakysyndan has köp. Bu gün şäherde dürli konsertler hem guralýar. Döwlet işgärlerinden olara hökman gatnaşmak talap edilýär” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri 22-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol häkimligiň işgärlerine bu gün Toý mekanlarynda geçirilýän dürli şahsy dabaralara hem gatnaşyp, tertip-düzgüne gözegçilik etmek tabşyrylandygyny sözüne goşdy.

“Toýlarda ilki bilen tamada bu gün prezidentiň doglan günüdigini ýatlatmaly, soňra ony we kakasyny (Gurbanguly Berdimuhamedow – red.) alkyşly sözler bilen taryplamaly” diýip, bu talapdan habarly ýaşaýjylaryň biri belledi.

Degişli maglumat Arkadag şäheriniň wagyz işleriniň batlanmagy bilen, türkmen lideriniň şahsyýet kulty dabaralanýar

Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kulty dabaralandyrylýan ýurtda döwlet ýolbaşçylarynyň doglan günleri köplenç dabaraly bellenip geçilýär.

Häzirki döwlet baştutanynyň kakasy, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýundaky doglan gününe gabatlap her ýyl Medeniýet hepdeligi bellenilýär.

Soňky 16 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kulty we maşgala kulty üznüksiz berkidilýär.

Synçylar ýurtda Berdimuhamedowlaryň “şahsyýet kultuny mundan-da beýläk ösdürmek synanyşyklarynyň” ýaýbaňlanýandygyna ünsi çekýärler. Muňa delil hökmünde, ozalky prezidentiň “Arkadag” lakamy bilen täze şäheriň gurulmagy, täze tele-kanalyň açylmagy, hat-da futbol klubunyň hem esaslandyrylmagy mysal getirilýär.

Türkmenistany dünýäniň iň ýapyk we iň awtoritar režimleriniň biri dolandyrýar. Türkmen hökümeti adam hukuklaryny gözçykgynç depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde tankyt edilýär. Bu aralykda, Türkmenistanyň raýatlary indi ençeme ýyl bäri barha ýitileşen agyr durmuş-ykdysady problemalardan ejir çekýär.

1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabatda dünýä inen Serdar Berdimuhamedowyň nobatdaky doglan güni mynasybetli, Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentleri, Hytaýyň lideri Si Szinpin, galyberse-de Ukraina garşy esassyz urşy alyp barýan Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin dagy gutlag hatlaryny iberdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.