Duşenbede hususy çagalar bagynda ölen oglan baradaky işi boýunça höküm çykaryldy

"Savolo Javob", "Poçemuçka" hususy çagalar bagy

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede "Savolo Javob", "Poçemuçka" atly hususy çagalar bagynda ýogalan iki ýaşly çaga bilen baglanyşykly açylan iş boýunça höküm çykaryldy diýip, “Asiýa-Plus" agentligi habar berýär.

Neşiriň kazyýet seljermesi bilen tanyş çeşmesiniň tassyklamagyna görä, çagalar bagynyň müdiri Ruhşona Ismatulloýewa alty ýyl, terbiýeçi Bogigül Rahimowa bolsa bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Çeşmäniň maglumatyna görä, höküm paýtagyň Sino etrap kazyýeti tarapyndan çykaryldy, ýöne hökümiň yglan edilen anyk senesi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Şeýle-de, iki aýyplanýanyň hem kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarynyň bardygyny göz öňünde tutup, kazyýet olaryň jezalarynyň ýerine ýetirilmegini çagalary sekiz ýaşa ýetýänçä yza süýşürdi. Çeşme aýyplanýanlaryň çagalarynyň ýaşyny aýtmady.

Bu waka şu ýylyň maý aýynda boldy: 2 ýaşly Sudaýs çagalaryň ýatýan wagtynda iki gatly ýatagyň (krowatyň) demir gözeneginden asylyp galyp, aradan çykdy. Bu waka jemgyýetçilikde uly närazylyk döretdi. 29 ýaşly terbiýeçä garşy Täjigistanyň Jenaýat kodeksiniň 175-nji maddasy (Kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň howpsuzlygyny we saglygyny üpjün etmek boýunça borçlaryny dogry ýerine ýetirmezlik) boýunça jenaýat işi gozgaldy.