Lebap welaýatynda ene-atalaryň Türkmenistanyň daşynda bilim alýan çagalarynyň okuw tölegi üçin pul geçirmekdäki kynçylyklary dowam edýär. Ene-atalaryň ençemesi özlerine kanun esasynda rugsat berilýän bu tölegleri geçirmek üçin bank işgärlerine para bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.
“Türkmenabatdaky banklaryň işgärleri daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlara okuw tölegini geçirmek üçin 5 müňden 12 müň manada çenli para alýarlar. Bu, Merkezi bankyň kursunda 1400-3400 ABŞ dollaryna deň bolýar" diýip, ýagdaýlardan ýakyndan habarly türkmenabatly ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Çagalary Türkiýede we Russiýada bilim alýan saýatly we türkmenabatly eneleriň ençemesiniň sözlerine görä, para bermediklere dürli bahanalara esaslanyp, şol sanda daşary ýurtlardaky ýokary okuw jaýlaryndan goşmaça resminamalaryň gerekdigi aýdylyp, olaryň okuw tölegleri geçirilip berilmeýär.
Degişli maglumat Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentlerine pul geçirmekde täze bökdençlik dörediOlar hemmeleriň bu parany bermäge tas dessine razy bolýandygyny, sebäbi okuw töleglerini gara bazaryň nyrhynda ugratsalar, onda tas alty esse köp çykdajy etmeli bolýandyklaryny hem aýdýarlar.
"5 müň manat para berdim"
“Men noýabryň soňky ongünlüginde perzendimiň okuw tölegini geçirmek üçin bank işgärine 5 müň manat para berdim. Şol güni oglumyň hasabyna puly ýatyrdylar. Oglumyň okuwynyň ýyllyk tölegi 4 müň dollar. Adamlar has uly möçberlerde para berýärler. Men 4 müň dollary gara bazaryň nyrhy bilen ugratmaçky bolsam, gaty gymmada düşýär – 80 müň manat bolýar. Men bolsa 14 müň manat töledim” diýip, saýatly ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Türkmenistanda öňden bäri dowam edip gelýän maliýe-ykdysady kynçylyklaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri 2015-nji ýylyň başynda walýutanyň söwdasyny berk çäklendirdiler. Şondan bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy 3,5 manat bolmagynda galýar. Bu aralykda, ýurtda walýutanyň gara bazary emele gelip, 1 dollar 20 manat bahalanýar.
Bu çäklendirmeleriň arasynda, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlaryň käbir ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan raýatlaryna okuw üçin tölegleri türkmen banklaryndan geçirip, resmi kurs boýunça daşary ýurt puluna öwürmek mümkinçiligini döretdi.
Ýöne ene-atalar indi ençeme ýyl bäri bu mümkinçiligiň kadaly işlemeýändigini, dürli bökdençlikleriň döredilýändigini, şol sanda talap edilýän resminamalaryň sanynyň artdyrylýandygyny, özlerine kanun taýdan rugsat berlen bu tölegleri geçirmek üçin köplenç para bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdyp gelýärler.
Gijikme we okuwdan çykarylmak howpy
Bu aralykda, lebaply ene-atalar para bermedikleriň okuw töleglerini geçirmek işleriniň gijikdirilýändigini we munuň çagalaryň okuwdan çykarylmagyna hem alyp barýandygyny aýdýarlar.
Bu maglumaty daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly talyplaryň birnäçesi, şol sanda Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan türkmen talyby hem tassyklaýar.
Ol ene-atasynyň okuw tölegini türk ýokary okuw jaýynyň bank hasabyna wagtynda geçirip bilmändigi sebäpli noýabryň üçünji ongünlüginde okuwdan çykarylandygyny aýtdy.
“Enem parany bermek üçin bankdan araçyny tapyp bilmedi. Şeýlelikde, okuwdan çykardylar. Häzir rektorlyga ýüzlenip, okuwymy dikeltmegiň aladasyny edýärin” diýip, türkmenistanly talyp anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlygyň bu ýagdaýlara barada Lebabyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda maliýe we bank resmilerinden teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Degişli maglumat Ýurt daşynda bilim alýan talyplar türkmen banklarynyň üsti bilen töleg geçirmekde kynçylyk çekýärÝöne Türkmenabatdaky döwlet banklarynyň birindäki çeşmämiz anonimlik şertinde beren maglumatynda bu ýagdaýlary tassyklap, bir aýyň dowamynda diňe 50 adamyň okuw tölegini geçirmek barada dilden tabşyryk berlendigini aýdýar.
Aldawçylaryň 'toruna düşýän' ene-atalar
“Bu çäk zerarly köp adamyň okuw tölegi geçirilip berilmeýär. Bu bolsa, para alym-beriminiň möwjemegine getirýär. Bize 30 adamdan 5 müň manat, galan 20 adamdan hem 12 müň manat para almak tabşyrylýar” diýip, çeşmämiz belledi.
Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşmämiz bu ýagdaýlaryň banklarda “tanyş” gözleýän ene-atalaryň, aldawçylaryň toruna düşüp, pullaryny aldyrmagy bilen bagly wakalaryň köpelmegine getirendigini hem aýdýar.
“Häzir bu mesele şeýle bir derejä ýetdi welin, adamlar şol parany bermek üçin tanyş tapsalar begenýärler. Şeýle görnüşli tanyşlygyň hyrydarynyň artmagynyň fonunda, ‘tanyş tapyp berjek’ diýip, adamlary aldap, adamlaryň pullaryny alýanlar köpeldi. Häzir şeýle kezzaplaryň toruna düşüp, polisiýa ýüz tutýanlar köpeldi” diýip, polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ýyllarboýy dowam edip gelýän bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.
Türkmenistanly ýaşlaryň müňlerçesi daşary ýurtlarda, hususan-da, Russiýanyň we Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýarlar.
Ýerli synçylar ýurduň ÝOJ-laryndaky orunlaryň sanynyň mekdebi gutarýan ýaşlaryň sanyna görä esli az bolmagynyň we olara okuwa girmek üçin paranyň mukdarynyň onlarça müň dollara ýetmeginiň, türkmen ýaşlarynyň ýokary bilim almak üçin daşary ýurtlaryň ÝOJ-laryna ýykgyn etmegine getirendigini aýdyp gelýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.