Ukrainada energiýa desgalarynyň goragy boýunça baglaşylan şertnamalaryň hasabyna millionlarça dollarlyk bikanun “paý alnandygy” baradaky aýyplamalar bilen ilteşikli korrupsiýa dawasy ýurdy sarsdyrdy. Bu Russiýanyň Ukraina garşy yzygiderli howa zarbalaryny ýagdyryp, uruşdan ejir çekýän ýurduň ilatyny sowuga we tümlüge gurşaýan döwri bolup geçýär.
Şol bir wagtda, dawa diňe orta atylan aýyplamalar bilen çäklenmeýär. Bikanun işlere dahylly bolmakda güman edilýänleriň arasynda hökümetiň düzümindäki ýokary derejeli emeldarlar bolup, olaryň merkezinde prezident Wolodymyr Zelenski bilen uzak ýyllaryň dowamynda ýakyn hyzmatdaşlyk saklan şahsyň durandygy bellenilýär.
Hasam erbedi, tomusda Zelenskiniň korrupsiýa garşy ýörite edaralaryň alyp barýan bu derňewini çäklendirmek boýunça eden synanyşygy, ýurtda Russiýanyň doly göwrümli çozuşyndan bäri iň uly köçe protestlerini döretdi. Bularyň netijesinde Zelenski yza çekilmäge mejbur boldy.
Şol bir wagtda, korrupsiýa Ukrainanyň halkara abraýy üçin iň duýgur meseleleriň biri bolmagyna galaýar.
Günbatar goldawynyň tankytçylary ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropadaky iň uly konfliktde uruşdan ejir çekýän ýurduň, 2014-nji ýyldaky köpçülikleýin köçe protestlerinden soň Moskwanyň täsir halkasyndan çykmagynyň yz ýany, aç-açanlygy ýokarlandyrmak boýunça alyp baran tagallalarynyň ähmiýetini peseltmäge synanyşdylar.
Bu meseläniň gaty uly netijeleri bolup biler.
Kimler şübheli?
“Midas operasiýasy” ady bilen häzirem dowam edýän derňewde birnäçe şahsyň ady geçýär.
Toparyň gümän edilýän ýolbaşçysy Timur Mindiç bolandygy aýdylýar. Ol Zelenski prezident bolmazyndan ozal, onuň bilen birlikde “Kwartal 95” ukrain wäşi toparynyň egindeş eýesi bolupdy. Bu biznes Zelenskiniň syýasata gelmezinden ozal wäşi we aktýor hökmünde meşhurlyk gazanmagynda möhüm rol oýnapdy.
Timur Mindyç
46 ýaşly Mindiç 2019-njy ýylda Zelenskiniň prezidentlik kampaniýasyny goldan milliarder telekeçi Ihor Kolomoýskiýiň hem iş hyzmatdaşy bolupdy. Kolomoýskiý 2023-nji ýyldan bäri galplyk we hapa pullary ýuwmak aýyplamalary esasynda kazyýete çenli deslapky tussaglykda saklanylýar.
Kanun goraýjy çeşmeleriň aýtmagyna görä, Mindiç 10-njy noýabrda öýünde gözleg geçirilmeginiň öň ýany, Ukrainany terk edipdir.
Ol bu iş boýunça beýanat bermedi.
2019-20 ýyllarda Ukrainanyň baş harby prokurory, 2020-nji ýylda baş prokuroryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren Wiktor Çumak Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna: “Uruş wagty syýahat çäklendirmeleriniň girizilen döwründe, kanun goraýjy edaralaryň hemaýaty bolmazdan, ýurdy çalt terk etmek asla mümkin däl” diýdi.
Iş bilen dahylly ýene bir şahs hökmünde, 12-nji noýabrda adalat ministri wezipesinden boşadylan Herman Haluşçenko hem görkezilýär. Ol mundan öň energetika ministri bolup işläpdi.
Haluşçenko güman edilýän parahorlyk çarçuwasynyň çäginde, Mindiçden “şahsy peýda” alandygy baradaky bildirilýän aýyplamalar boýunça kazyýete şikaýat bilen ýüz tutjakdygyny aýtdy.
Mundan başga, ýurduň öňki goranmak ministri, häzirki wagtda Milli Howpsuzlyk we Goranmak Geňeşiniň sekretary Rustem Umerow, hem-de öňki wise-premýer Oleksiý Çernyşow hem bu iş bilen baglanyşdyrylýar.
Rustem Umerow (çepde), şol wagtky goranmak ministri hökmünde fewralda NATO-nyň baş sekretary Mark Rýutte bilen duşuşýar.
Umerow öz gatnaşygyny ret etdi. Çernyşowa bolsa iýun aýynda aýry başga korrupsiýa aýyplamasy bildirildi.
Ukrainanyň Korrupsiýa garşy Milli Býurosy (NABU) tarapyndan edilen gizlin ýazgylarda güman edilýänler öz aralarynda lakam ulanypdyrlar, ýagny Mindiç – “Karlson”, Çernyşow bolsa, “Çe Gewara” atlaryny alypdyrlar.
12-nji noýabrda energetika ministri Switlana Hrynçuk Zelenskiniň wezipesinden gitmäge çagyryşyndan soň, işden gitmek boýunça arzasyny tabşyrdy. Ol kanuny bozmandygyny aýtdy.
Aýyplamalar näme bilen bagly?
NABU we Korrupsiýa garşy ýöriteleşdirilen prokuratura (SAPO) ýurduň energetika pudagynda güman edilýän “ýokary derejeli jenaýat topary” tarapyndan $100 million möçberinde korrupsiýa çarçuwasynyň bolandygy baradaky aýyplamalary orta atdylar.
Derňewiň merkezinde ýyllyk takmynan $4.7 milliard girdejisi bolan, döwletiň eýeçiligindäki “Energoatom” atly atom elektrik operatory dur. Maglumata görä, şübheliler Energoatomyň hususy potratçylarynyň şertnamalarynyň dowam etdirilmeginiň öwezine, olardan 10-15% töwereginde yzygiderli “paý” alyp gelipdirler.
NABU-nyň başga bir ses ýazgysynda, öňki energiýa ministriniň geňeşçisi Ihor Myronýukyň şeýle şertnamalary ýatyrmak bilen haýbat atýandygyna meňzeýän gürrüňleri eşidilýär.
“Siz doly ýumurylarsyňyz… Işgäriňiziň ählisi goşuna alnyp gidiler” diýen Myronýukyň sözleri eşidilýär. Ol özüniň günäsizdigini aýdýar.
Başga bir ýerde, gatnaşyjylaryň energiýa desgalarynda howa hüjümlerine garşy gorag ulgamlaryny ýerleşdirmek boýunça şertnamalary bermek meselesini ara alyp maslahatlaşýandygy gulaga ilýär.
NABU derňewiň çäginde 70 öýde gözleg geçirendigini we gizlin 1 müň sagada golaý ses ýazgysyny toplandygyny aýdýar.
Bu nähili derejede agyr?
Munuň mümkin gaty uly netijeleri bolup biler.
Russiýanyň doly göwrümli urşunyň dördünji ýylyna golaýlamagy bilen, millionlarça ukrain raýaty juda agyr şertlerde ýaşaýar. Munuň üstesine, Russiýa energiýa infrastrukturany dowamly nyşana alyp, ýygy-ýygydan elektrik üpjünçiliginiň kesilmegine sebäp bolýar. Kreml munuň bilen Ukrainanyň uruş ukybyny pese düşürmegi we ruhy ýagdaýyny peseltmegi maksat edinýär.
Gyşyň ýakynlamagy bilen, basyşlar hem güýçlenýär.
Tymofiý Mylowanow 11-nji noýabrda Energoatomyň maslahatçy geňeşiniň düzüminden çekilip, kompaniýanyň dawa boýunça mümkin jogap çäreleri babatynda öz teklipleriniň ünsden düşürilýändigini aýtdy.
“Bisarpa ulanylan, ogurlanan ýa-da netijesiz harçlanan her bir griwna, öň hatarlarda söweşýän bir janyň ýitirilmegi diýmekdir” diýip, ol Azatlyk Radiosyna aýtdy.
ÝB-niň daşary syýasat ýolbaşçysy Kaýa Kallas korrupsiýa dawasyny “örän gynandyryjy” diýip atlandyrdy we Kiýewiň meselä çynlakaý çemeleşmeginiň möhümdigini nygtady.
Ozalam belleýşimiz ýaly, bildirilýän aýyplamalar Zelenskä gaty ýakyn aralaşýar.
Ukrainada onuň birnäçe aý öň NABU we SAPO-nyň garaşsyzlygyny çäklendirmek boýunça eden synanyşygy adamlaryň ünsünden sypmady.
Şol wagt derňew toparlary eýýäm 15 aý bäri alnyp barylýan, indi-indi aýan edilen operasiýada öňe gidişlikleri gazanypdylar.
Bu iki edaranyň garşysyna edilen ädim, rus howa zarbalaryna mümkinçilik döredýändigine garamazdan, adamlaryň köçä çykyp protest bildirmegine sebäp boldy. Meseleniň nä derejede ýitidigini bir protestçiniň elindäki şygary-da görkezdi, onda: “Bu meniň agamyň jan beren geljegi däl” diýip ýazylgydy.
Kiýewe uzak wagt bäri korrupsiýa garşy göreşini güýçlendirmek boýunça çagyryş edip gelýän Ukrainanyň Günbatar ýaranlary, Zelenskini bu mesele boýunça yza çekilmäge çagyrypdylar. NABU we SAPO-nyň garaşsyzlygyny çäklendirýän kanuna gol çekilenden 72 sagatdanam az wagt geçenden soň, Zelenski bu garaşsyzlygy dikeltmek boýunça täze kanun taslamasyny hödürledi.
“Men tomusda NABU edilen basyşa bu derňew sebäp bolandygy baradaky ähtimallygy aradan aýyrmaýaryn. Men muny aradan aýyryp biljek däl” diýip, ozalky prokuror Çumak aýtdy.
“Maksat ähli işleri başga bir ýere geçirmek, ilki bilen, ähli işleriň materiallaryny almak, soňra bolsa olary başga bir edara geçirmek synanyşygy boldy” diýip, ol sözüne goşdy.
Mylowanow Zelenskiniň meseläni ýapmaga synanyşandygyna ynanmaýandygyny nygtady. “Prezident hökümleriň çykarylmalydygyny açyk-aýdyň aýtdy” diýip, ol belledi.
Emma muňa bolan garaýyşlar möhümdir, diňe bir Ukrainada däl.
Kiýewe harby we ykdysady goldawy berýän Günbatar hökümetleri bu hemaýaty öz saýlawçylaryna düşündirmeli. Soňky dawa bolsa bu ugurdaky tagallalary ýeňilleşdirmeýär.