Kramatorskdan soňky otly: frontyň golaýlaşýandygy sebäpli wokzal ýapyldy
Kramatorsk demirýol menzili diňe bir wokzal däl. Ol duşuşyklar we hoşlaşyklar ýeri.
Bu ýerde, Ukrainanyň front liniýasyndaky esasy ulag merkezleriniň birinde, esgerler Kramatorska gelen ýakynlary bilen birnäçe günläp, käte birnäçe sagatlap görüşip bilýärdi. Urşuň dowamynda gaýtadan duşuşmagyň şatlygy aýrylyşmagyň gynanjy bilen utgaşýar.
Sebit harby administrasiýasynyň başlygy Wadim Filaşkin we Ukrainanyň döwlet demir ýol operatory 5-nji noýabrda howpsuzlyk meseleleri sebäpli Kramatorsk şäherine we şäherden otly gatnawyny togtatmak baradaky "kyn karary" yglan etdiler.
Kramatorska otlular Ukrainanyň ähli künjeginden, şol sanda günbatar Iwano-Frankiwsk we Lwow sebitlerinden, şeýle hem ýurduň günortasynda ýerleşýän we Dnepriň garşy kenaryny basyp alýan rus goşunlarynyň her gün diýen ýaly hüjümlerine sezewar bolýan Herson şäherinden gelýärdi.
Ýylyň dowamynda iň işjeň gatnawly ugurlaryň biri Kiýewden gelýän ýokary tizlikli otlydy, ol köplenç "durmuş otlusy" diýlip atlandyrylýar.Soňky wagtda ol müňlerçe adamyň öýlerine barýan ýoly boldy. Otlylar esgerleri, olaryň maşgalalaryny, meýletinçileri we bosgunlary daşaýardy.
Indi Kramatorska barmak isleýänler Harkiw sebitinde otludan düşmeli bolarlar. Şol ýerden olara üç sagatlyk ýol garaşýar.
Soňky aýlarda Russiýa harby ýük daşamagy öz içine alýan ukrain logistikasyny ysmaz etmek üçin Ukrainanyň demirýol infrastrukturasyna yzygiderli hüjüm edýär.
Ukrainanyň demir ýollaryny gorap saklamagy milli buýsanjyna öwrüldi. Şeýle hem, ol ykdysady zerurlyk, ynsanperwer kömegini eltmek üçin möhüm şert we Russiýa çozuşa başlaly bäri dört ýyla golaý wagtda möhüm aragatnaşyk kanaly boldy.
2022-nji ýylyň aprelinde Russiýanyň ballistik raketasy Kramatorsk stansiýasyna zarba urup, 61 adamyň ölümine sebäp bolandan soň, häkimiýetler Kramatorskda otly gatnawyny gysga wagtlyk togtadypdy.Zarba urlan wagty, takmynan 1000 adam ýurduň has howpsuz ýerlerine ewakuasiýa edilmegine garaşýardy.
Agyr zyýana garamazdan, wokzal alty aýdan soň dikeldildi we otly gatnawy gaýtadan başlandy.
2014-nji ýylyň ýazynda, Russiýa Donbasyň gündogarynda ýaragly separatistleriň garşylygyny başlanda, Kramatorsk birnäçe aýlap separatist güýçler tarapyndan basylyp alyndy.Şol ýylyň iýul aýynda ukrain güýçleri şäheri gaýtadan öz eline geçirdiler we ol Russiýa tarapyndan basylyp alnan Doneskiň ornuny tutup, sebitiň iş ýüzünde administratiw merkezine öwrüldi.
Kramatorsk demir ýol menziliniň binasynda "Gunlara garşy gala" diýlip ýazylan ýazgy bar, bu V asyrda Merkezi Aziýadan we Kawkazdan günbatara, Ýewropa gelen çarwa söweşiji taýpalaryna salgy berýär.Awgust aýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşygynda Finlýandiýanyň prezidenti Aleksandr Stubb Trampy Ukrainany goldamagyň möhümdigine ynandyrmak üçin şu jümläni aýtdy: "Kramatorsk we Slawýansk gunlara garşy gala" diýip, Stubb aýtdy.