Odessa sebitine urlan rus zarbalary däki 36 müňden gowrak müşderini elektriksiz goýdy

Rus goşunlary 2-nji dekabra geçilýän gije Odessa sebitiniň günortasyna giň gerimli dron zarbalaryny urdy diýip, sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleg Kiper habar berdi.

Onuň sözlerine görä, zarbalar raýat we energiýa infrastrukturasyna gönükdirildi: elektrik stansiýasyna, administratiw bina we hususy jaýlara zyýan ýetdi.

Turan ýangynlar söndürildi, ýöne hüjüm elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy. Iň möhüm infrastruktura desgalary wagtlaýynça generatorlar arkaly öndürilýän elektrik energiýasyna daýanýar diýip, Kiper ýazdy.

DTEK Russiýa Federasiýasynyň kompaniýanyň elektrik stansiýasyna zarba urandygyny habar berdi. "8000 maşgalany ätiýaçlyk elektrik ulgamlaryna baglamak başartdy. Ýene 36 300 maşgala wagtlaýynça elektriksiz galdy" diýlip, beýanatda aýdylýar.

Orsýetiň harby güýçleri Ukrainanyň sebitlerine yzygiderli hüjüm edýärler. Rus häkimiýetleri rus goşunynyň doly göwrümli uruş döwründe Ukrainanyň raýat infrastrukturasyna yzygiderli, göre-bile zarba urýandygyny inkär edýärler.

Orsýet Odessa sebitine edilen hüjüm barada häzirlikçe hiç hili düşündiriş bermedi.