"Orda.kz" saýtynyň esaslandyryjysy Bažkenowa öý tussaglygyna höküm edildi

"Orda.kz" saýtynyň esaslandyryjysy we baş redaktory Gülnara Bažkenowa

"Orda.kz" saýtynyň esaslandyryjysy we baş redaktory Gülnara Bažkenowa 1-nji dekabrda öýünde we redaksiýasynda geçirilen gözleg, agtaryş işlerinden soň öý tussaglygyna höküm edildi diýip, onuň aklawçysy Murat Adam “Azattyk Azia” neşirine habar berdi.

Onuň sözlerine görä, 1-nji dekabr agşamy Almaty şäheriniň derňew kazyýetinde öňüni alyş çäresini kesgitlemek üçin diňlenişik geçirildi. Gülnara Bažkenowa özüne garşy gozgalan jenaýat işi boýunça polisiýa bölüminde sorag edileninden soň, kazyýete getirildi.

Almatynyň polisiýa bölümi Bažkenowanyň “bilkastdan, bile göre-göre we gaýtalap, ýalan maglumatlary ýaýratmakda” aýyplanýandygyny, oňa jenaýat işiniň gozgalandygyny habar beripdi.

Jenaýat işiniň anyk haýsy madda boýunça açylandygy aýdylmaýar.