Prezident Wladimir Putin 29-njy fewralda russiýalylara eden ýüzlenmesinde Ukraina garşy alyp barýan urşundaky özgerişler, şeýle-de Russiýanyň Günbatar bilen gatnaşyklary boýunça pikirlerini beýan etdi, şeýe-de eger daşary ýurtly goşunlar Ukraina iberilse, munuň “pajygaly” netijeleriniň boljakdygy bilen haýbat atdy.
Putin bu çykyşyny prezidentlik saýlawlaryna üç hepde töweregi wagt galan döwründe etdi. Putiniň oppozision dalaşgärleri bolmadyk bu saýlawlarda aňsatlyk bilen ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.
Ol soňky çykyşynda öňem köp edilen gürrüňleriň we propogandanyň çäginden köp uzaklaşmady. Putin Ukrainada alyp barýan giň gerimli uruş hereketlerini Russiýanyň özygtyýarlylygyny we howpsuzlygyny goramak bilen düşündirmäge synanyşdy. Onuň parlamentiň iki öýüniň, ýagny Döwlet dumanyň we Federal geňeşiň, şeýle-de beýleki çagyrylanlaryň öňünde eden çykyşy iki sagat çemesi wagt dowam etdi.
Putin çykyşynyň birinji bölüminde Günbatary Moskwany “ýaraglaryň bäsdeşligine çekmek synanyşygynda” aýyplady. Ol soňy bilen özüniň dünýä garaýyşy barada gürledi, soňundanam içerki işlere, şol sanda ykdysadyýete geçdi.
“Günbatar biziň ösüşimizi yza tesdirjek bolýar; Russiýanyň ýerinde, olar gury bir boş ýeri görmek isleýärler” diýip, Putin aýtdy. Şol bir wagtda, ol Günbataryň “ýalňyş hasap ýöredendigini” sözüne goşdy.
Şu hepdäniň başynda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, häzir doly ylalaşyk bolmasa-da, “hiç bir zadyň”, şol sanda Russiýanyň ýeňiş gazanmazlygy üçin, Günbatar güýçleriniň Ukrainanyň tarapynda söweşmek üçin ugradylmagynyň hem aradan aýrylmaly däldigini aýtdy.
Putin bular ýaly ädimiň, onuň öz sözleri bilen aýdylanda “interwentler üçin netijeleriň boljakdygyny”, bularyň hem “has pajygaly boljakdygyny” aýtdy.
Ol Günbataryň bular ýaly görnüşde goşulmagynyň, global ýadro uruş ähtimallyklaryny ýokarlandyrjakdygyny hem belledi.
Mundan başga-da, Putin Günbataryň Russiýanyň kosmosda ýadro ýaraglaryny ýerleşdirmegi planlaşdyrýandygy baradaky maglumatlaryny ret edip, Russiýanyň ýadro güýçleriniň “doly taýýarlyk” ýagdaýyndadygyny, şeýle-de Ukrainadaky söweş meýdanyna ýaraglaryň täze görnüşleriniň eltilendigini aýtdy.
Putin “Sarmat” kysymly interkontinental ganatly raketalaryň hem Russiýanyň ýadro güýçleriniň düzümine goşulandygyny aýtdy.
Kreml bu çykyş bilen 15-17-nji mart aralygynda geçmeli prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda Putiniň goldanýandygy barada garaýyşy döretmegi umyt edýär.
Russiýada saýlawlar Kreml tarapyndan berk gözegçilikde saklanýar, şeýle-de olar ne açyk, ne-de adalatly geçýär. Emma häkimiýetler munuň bilen belli bir derejede kanunylygy gazanjak bolýarlar.
Kremliň ýurduň syýasy durmuşyny berk gözegçiliginde saklamagy netijesinde, Russiýany 1999-njy ýyldan bäri premýer-ministr we prezident wezipelerinde dolandyryp gelýän Putiniň, aňsatlyk bilen ýeňiş gazanjakdygy çaklanylýar.
Putin çykyşynyň birinji sagadynyň dowamynda geçen hepde Arktik türmesinde gümürtik ýagdaýlarda ýogalan meşhur oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň adyny ýeke gezegem agzamady.