27-nji noýabrda Gyrgyzstanyň paýtagty Bişkekde Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) sammitiniň umumy mejlisi geçirilýär.
KHŞG-a Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan, şeýle-de, Garabagda bolan soňky çaknyşykdan soň agzalygyny togtadan Ermenistan girýär.
Putin KHŞG ýurtlarynyň ýaragly güýçlerini rus ýaraglary bilen üpjün etmek maksatnamasyna başlamagyny teklip etdi:
"Biz kollektiwleýin güýçleri hakyky harby operasiýalarda öz netijeliligini subut eden häzirki zaman rus ýaraglary we enjamlary bilen üpjün etmek üçin giň möçberli maksatnamanyň başlanmagy teklip edýäris" diýip, ol Orsýetiň Ukrainadaky urşuny ýaňzydyp aýtdy.
"Guramanyň awiasiýa güýçleriniň we howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň ösüşine aýratyn üns berilmegi talap edilýär. Biz goranyş senagaty kärhanalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga aýratyn üns bermegi meýilleşdirýäris" diýip, rus prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.
Putin Orsýetiň KHŞT boýunça hyzmatdaşlaryna hödürlejek ýaraglarynyň anyk görnüşlerini aýtmady, ýöne, görnüşinden, esasy üns dronlara we howa hüjüminden goranyş ulgamlaryna gönükdiriljege meňzeýär.
Bilermenler Täjigistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň eýýäm beýleki ýurtlardan satyn alnan dronlary ulanýandyklaryny, Orsýetiň bu bazarda Hytaýdan, Ysraýyldan we Türkiýeden ýeňilýändigini öňe sürýärler.