ABŞ-nyň we Ukrainanyň ýokary derejeli resmileri Floridadaky gepleşikleri tamamladylar. Döwlet sekretary Marko Rubio maslahaty “örän netijeli” diýip atlandyrdy, emma Russiýanyň Ukrainadaky urşuny tamamlamak boýunça meýilnamany taýýarlamak tagallalarynda goşmaça işleriň hem zerurdygyny belledi.
“Biz ýene bir netijeli maslahaty geçirdik, [Ženewadaky gepleşiklerden], şu hepde bolan wakalardan ugur alýarys, ýöne entegem goşmaça edilmeli işler bar” diýip, Rubio 30-njy noýabrdaky duşuşykdan soň, jikme-jikleri getirmän, žurnalistlere aýtdy.
“Bu ýerde hereket edýän bölekler köp, we iş ýüzünde başga bir tarap hem bar, ol hem bu deňlemä gatnaşmaly bolar” diýip, ol Russiýany göz öňünde tutup belledi.
“Bu tagallalar şu hepdäniň aýagynda-da, haçanda [Ak tamyň ýörite wekili Stiw] Witkoff Moskwa baranda hem dowam etdiriler…. Biz rus tarapy bilen hem dürli derejelerde aragatnaşyk sakladyk, ýöne olaryň garaýyşlary babatynda hem gowy düşünjämiz bar” diýip, Rubio sözüne goşdy.
Ukrainanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary we Kiýewiň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Rustem Umerow gepleşikleri “manyly we üstünlikli” diýip häsiýetlendirdi, emma ol hem anyk jikme-jikler barada maglumat bermedi.
“Floridada gepleşikleriň kyn, ýöne netijeli bir tapgyryny tamamladyk. Adalatly parahatçylygy gazanmak ugrunda anyk ösüş gazandyk” diýip, ol Telegramda ýazdy. “Duşuşyk manyly hem üstünlikli geçdi” diýip, ol sözüne goşdy.
“Entek edilmeli iş kän – biz Ukrainada parahatçylygy ornaşdyrmak boýunça konsultasiýalary we soňky ädimleri ylalaşmagy dowam etdirýäris” diýip, Umerow nygtady.
AFP gullugy Ukrainanyň toparyna ýakyn, atlandyrylmadyk bir çeşmä salgylanyp, gepleşikleriň “ýeňil geçmändigini”, şeýle-de “kesgitlemeleri we çözgütleri gözlemegiň dowam edýändigini” habar berdi.
Gepleşik toparlary Maýaminiň demirgazygyndaky Floridanyň Hallandale sebitinde duşuşdylar. Bu Kiýew hem-de Moskwa üçin kabul ederlikli bolaýjak meýilnamanyň şertlerini taýýarlamak ugrundaky tagallalaryň güýçlenýän döwründe amal edildi.
Witkoff Moskwada
Witkoffyň 1-nji dekabrda Russiýanyň ýokary derejeli resmileri, şol sanda prezident Wladimir Putin bilen hem duşuşmak üçin Moskwa sapary meýilleşdirilýär. Bu, ýanwar aýyndan bäri Witkoffyň Putin bilen geçjek altynjy duşuşygy bolar.
30-njy noýabryň ir sagatlarynda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski sosial mediada çykyş edip, “amerikan tarapynyň konstruktiw çemleşýändigini we urşy mertebeli ýagdaýda soňlamak ugrundaky jikme-jikleriň geljek birnäçe günüň dowamynda kesgitlenmegiň mümkinidigini” ýazdy.
Zelenski parahatçylyk boýunça dowam edýän gepleşikleriň arasynda “pozisiýalary utgaşdyrmak” üçin Ýewropa Komissiýasynyň hem-de NATO-nyň ýolbaşçylary bilen hem gepleşik geçirendigini aýtdy.
“Men [NATO-nyň baş sekretary] Mark Rutte bilen gürleşdim we geljek günlerde gepleşigimizi dowam etdireris” diýip, Zelenski aýtdy.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen bilen geçiren söhbetdeşliginden soň, Ukrainanyň prezidenti “biz Ýewropa Komissiýasy bilen doly utgaşykly hereket edýäris, we men olaryň goldawy üçin minnetdardyryn” diýdi.
Kiýew we onuň ýewropaly ýaranlary Tramp administrasiýasynyň resmileri tarapyndan hödürlenen, 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan doly göwrümli basybalyjylykly hüjümiň başyndan bäri Moskwanyň öňe sürýän iň bir ýiti şertleriniň aglaba bölegini gaýtalaýan 28 maddalyk meýilnama alternatiw teklip tapmak ugrunda gyssagly ýagdaýda işleýärler.
Ilki başdaky meýilnama käbir ukrainler tarapyndan dört ýyl bäri dowam edýän we iki tarapdan hem 1 milliondan aşa adamyň ölmegine ýa-da ýaralanmagyna getiren uruşdaky kapitulýasiýa, ýagny boýun bolma hökmünde garşylandy.
Fransiýanyň häkimiýetleri prezident Emmanuel Makronyň 1-nji dekabrda Parižde Zelenskini kabul edip, “adalatly we uzak möhletli parahatçylygyň şertlerini” ara alyp maslahatlaşjakdygyny mälim etdi.
Makron Kiýewiň iň ygrarly goldawçylarynyň biri bolup gelýär.
Geçen hepde hödürlenen ilki başdaky 28 maddalyk amerikan teklibi ukrain resmilerinde alada döretdi, we maglumatlara görä Zelenski muny gahar bilen kabul etdi. Munuň yz ýany, ukrain resmileri Ženewada Rubio we beýleki ABŞ resmileri bilen aýratyn gepleşik geçirdiler.
Şol gepleşikleriň netijesinde 19 maddalyk meýilnama taýýarlanyldy. Ol Ukrainanyň Donbas sebitiniň bir böleginiň ykbaly, Ukrainanyň NATO boýunça meýillerini we Kiýewiň ýaragly güýçleriniň sanyna mümkin çäk goýmak ýaly birnäçe esasy meseläni açyk goýýar.