Russiýa Ukrainanyň Donbas sebitindäki strategiki taýdan möhüm şäherleriň birini ele geçirendigini öňe sürýär. Bu beýanat parahatçylyk ylalaşygyny jemlemek ugrunda tagalla edýän ABŞ resmileri bilen Kremlde geçiriljek möhüm duşuşyga gabat mälim edilene çalym edýär.
Ukrainaly resmiler Russiýanyň iň ýokary harby serkerdesiniň, 1-nji dekabrda ýaýradylan wideonyň dowamynda prezident Wladimir Putine beren hasabatynda aýdanlaryny ret etdiler.
Pokrowskda söweşýän ukrain harby birikmeleriniň 2-nji dekabrda Reuters agentligine beren maglumatynda bellenilşi ýaly, Ukrainanyň güýçleri şäheriň demirgazyk bölegini saklamagyny dowam etdirýärler, rus goşunlarynyň agalyk edýän şäheriň günorta tarapynda bolsa çaknyşyklar alnyp barylýar.
2-nji dekabrda Putiniň Ak tamyň ýörite wekili Stiw Witkoff bilen duşuşygy meýilleşdirilýär. Bu Russiýanyň tas dört ýyl bäri Ukrainadaky alyp barýan urşuny soňlamak ugrundaky güýçli tagallalaryň arasynda amal edilýär.
Witkoff ýanwardan bäri Putin bilen altynjy gezek duşuşar. Mundan öň ABŞ tarapyndan taýýarlanylan we has köp Russiýanyň haýrynadygy aýdylan parahatçylyk meýilnamasy äşgär edilipdi. Ukrain resmileri Ženewada amerikan wekilleri bilen duşuşyp, Moskwanyň berk pozisiýalaryny ýumşatmak ugrunda gyssagly tagalla etdiler.
Kreml tarapyndan ýaýradylan wideoda Russiýanyň baş harby serkerdesi, general Waleriý Gerasimow rus güýçleriniň söweş meýdanynda soňky aýlarda gazanandygy aýdylýan ýeňişleri barada hasabat berdi. Ukrainanyň güýçleri birnäçe aý bäri esasan demirgazykdaky Kupýansk şäheriniň, şeýle hem günortadaky Pokrowsk şäheriniň töwereginde rus goşunlaryny yza serpikdirmek ugrunda söweşýärler.
Gerasimow Putine beren hasabatynda, Pokrowsky şäheriň köne rus ady bilen atlandyryp, rus güýçleriniň ahyrsoňy ony ele geçirendigini öňe sürdi.
“Krasnoarmeýsk boýunça eden işleriňiziň netijeleri üçin size, şeýle hem ähli serkerdelige we şahsy düzüme minnetdarlyk bildirýärin” diýip, Putin Gerasimowa aýtdy.
Olaryň duşuşygynyň 30-njy noýabarda geçendigi aýdylýar, emma onuň wideosynyň 1-nji dekabrda, Witkoffyň saparynyň öň ýany ýaýradylandygy bellenilýär.
Russiýa Ukrainada söweş meýdanyndaky möhüm ýeňişler barada ýygy-ýygydan beýanatlar bilen çykyş edýär, emma bu öňe sürmeler soňundan ýa çişirlip görkezilen, ýa-da düýbünden ýalan bolup çykýar. Gerasimow golaýda Russiýanyň güýçleriniň Kupýansky gabawa alandygyny aýdypdy, emma bu hakykata laýyk däldi.
Pokrowsky goraýan esasy ukrain bölümleriniň biri, Howa desanty goşunlarynyň 7-nji çalt jogap beriş korpusy Kiýewiň güýçleriniň rus hüjümini “yza serpikdirmegi dowam etdirýändigini” aýtdy.
1-nji dekarbrda prezident Wolodymyr Zelenski Parižde fransuz lideri Emmanuel Makron bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda, Russiýanyň güýçleriniň öňe ilerleýändigini boýun aldy.
“Elbetde, Russiýa öňe ilerleýär, elbetde, Russiýa birnäçe hüjüm hereketleri we operasiýalary geçirýär. Bularyň hiç biri üstünlikli bolmady” diýip, ol metbugat ýygnagynda aýtdy.
“Pokrowskda we beýleki sebitlerde agyr söweşler dowam edýär. Mysal üçin, biziň ýigitlerimiz Kupýansk töwereginde has şowly hereket edýärler. Russiýanyň Kupýansky eýeländigini aýtmagyna garamazdan, biz şäheri tas her kimden arassaladyk” diýip, Zelenski sözüne goşdy.