Russiýanyň Ukraina garşy zarbasynda azyndan 19 adam öldi, Polşa we Rumyniýa howa goranyşyny iş ýagdaýyna geçirdi

Russiýanyň öten agşam Ukrainanyň Ternopil şäherine amala aşyran howa zarbasynda azyndan 19 adam öldi, onlarçasy ýaralandy.

19-njy noýabrda irden Russiýanyň dronlar we raketalar bilen Ukrainanyň ençeme sebitine uran zarbalarynda azyndan 19 adam heläk boldy. Prezident Wolodymyr Zelenski muny "adaty durmuşa garşy bihaýa hüjüm" diýip atlandyrdy. Ukrainanyň resmileriniň maglumatyna görä, howa hüjümleriniň netijesinde köp ýerde güýçli partlamalar döredi we elektrik üpjünçiligi kesildi.

Ukrainanyň media serişdeleri hüjümlerde ýurduň gündogar we günbatar sebitleriniň nyşana alnandygyny; Ternopil, Hmelnýtskiý, Iwano-Frankiwsk, Riwne, Lwiw we Dnipropetrowsk regionlarynda partlama sesleriniň eşidilendigini habar berdiler.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň maglumatyna görä, Ternopil şäherinde dronlar iki sany köp gatly ýaşaýyş jaýyny urup, azyndan 16 adamyň ölmegine we 66-synyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Zelenski adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleriniň günüň ir sagatlarynda hem hüjümiň ýetiren netijelerini aradan aýyrmak boýunça tagalla edendiklerini, harabalyklaryň astynda entek hem adamlaryň galan bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

“Adaty durmuşa garşy gönükdirilýän her bir bihaýa hüjüm, Russiýa edilýän basyşyň entek ýeterlik däldigini äşgär edýär” diýip, Zelenski Telegram kanalynda ýazdy.

Günbatardaky Lwiw şäheriniň häkimi Andriý Sadowyý ýaşaýjylary bomba bukalgalarynda gizlenmäge çagyryp, Telegram kanalynda ýüzlenme çap etdi. “Duşman günbatar Ukrainany dronlar bilen urýar. Duýduryş signallaryny äsgermezlik etmäň!” diýip, ol ýazdy.

Ukrainanyň Energetika ministrligi hüjümleriň birnäçe sebitiň energetika ulgamyna zeper ýetirendigini, ýerlerde abatlaýyş toparlarynyň, ýagdaýlara laýyklykda, elektrik üpjünçiligini dikeltmek ugrunda tagalla edýändiklerini habar berdi.

Russiýa gyşyň golaýlamagy bilen Ukrainanyň energiýa desgalaryna garşy zarbalaryny güýçlendirdi. Bu ýagdaý sowuk howa şertlerinde elektrik ýetmezçiliginiň döräp biljekdigi baradaky howatyrlary artdyrdy. Mundan başga, Moskwa Ukrainanyň parahat sebitlerine garşy hem zarbalary ýagdyrmagyny dowam etdirýär, ýöne bu desgalary nyşana alýandygyny ret edýär.

Polşa we Rumyniýa howa goranyş ulgamlaryny iş ýagdaýyna geçirdiler

Russiýanyň Ukrainanyň günbatar sebitlerine uran zarbalary goňşy Polşada bada-bat jogap çärelerini döretdi.

Polşanyň Ýaragly güýçleriniň Operatiw serkerdeligi, Russiýanyň ýurduň serhediniň golaýyndaky zarbalary sebäpli, söweş we irki duýduryş uçarlarynyň howa galdyrylandygyny tassyklady.

Polşanyň Howa nawigasiýasy gullugy ýurduň günorta-gündogardaky Žeşuw we Lublin aeroportlarynyň “harby awiasiýanyň erkin hereketini üpjün etmek” üçin gysga wagtlyk ýapylandygyny habar berdi.

Rumyniýada hem radar ulgamynyň milli howa giňişligine takmynan 8 kilometr çuňlukda dronyň girendigini anyklamagynyň yz ýany, ýurduň howa goranyş ulgamy iş ýagdaýyna geçirildi. Bu sebäpli ýurduň gündogaryndaky Tulça we Galas sebitlerinde ilata duýduryşlar berildi.

Rumyniýanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, “Eurofighter” we F-16 kysymly söweş uçarlary howa galdyryldy, emma ýerden dron galyndylary ýa-da täsir ýerleri tapylmady.

Harkiwe zarbalar uruldy

Russiýanyň Ukrainanyň Harkiw regionyna tapgyr üçünji gije amala aşyran howa hüjümi netijesinde onlarça ýaşaýjy ýaralandy diýip, ýerli resmiler 19-njy noýabrda habar berdi.

Harkiw polisiýasynyň maglumatyna görä, öten agşamky zarbada 36 adam ýaralandy, 10 töweregi ýaşaýyş jaýyna, mekdebe, söwda merkezine we Tiz kömek gullugynyň binasyna zeper ýetdi.

Polisiýa şikeslenenleriň arasynda 9 we 13 ýaşly iki çaganyň hem bardygyny aýtdy.

18-nji noýabrda Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby gysga aralyga niýetlenen ATACMS raketalary bilen Russiýanyň territoriýasynyň jümmüşine uzak aralyk zarbalarynyň amala aşyrylandygyny tassyklady.

Ukrain harbylary muny “möhüm özgerişlik” diýip häsiýetlendirdi we uzak aralyk zarbalarynyň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrain güýçleriniň ýurduň günortasyndaky Woronež şäherine dört sany ATACMS raketasyny atandygyny mälim etdi.