Tramp Ukrainadaky urşy soňlajak "ylalaşyk üçin gowy mümkinçiligiň bardygyny" aýdýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Floridada ukrain we amerikan wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň, "Air Force One" uçarynda Ukrainadaky urşy soňlajak "ylalaşyk üçin gowy mümkinçiligiň bardygyny" aýtdy.

Tramp Ukrainanyň "käbir çylşyrymly meseleleriniň" bardygyny belledi. Žurnalist onuň nämäni göz öňünde tutýandygyny soranynda, ABŞ-nyň prezidenti urşuň soňuna çykmaga "ýardam etmeýän" "korrupsiýa ýagdaýy" barada gürrüň edýändigini aýtdy. "Ýöne meniň pikirimçe, ylalaşyk baglaşmaga uly mümkinçilik bar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio duşuşykdan soň Ukrainadaky urşuň bes edilmeginiň möhümdigini, ýöne täze çozuşyň öňüni almak we Ukrainany "has güýçli we gülläp ösýän" ýurt etmek üçin howpsuzlygyň hem möhümdigini aýtdy:

"Biz munuň esasyny Ženewada döretdik, maslahat tutuş hepde dowam etdi we şu gün ýene bir ädim ädildi. Emma biziň henizem etmeli işlerimiz bar. Bu deňlemäniň bir bölegi bolmaly başga bir tarap hem bar. Witkoff Moskwa gidýär, ol rus tarapy bilen gürleşer, ýöne biz olaryň pozisiýasyny hem düşünýäris".

"The Wall Street Journal" gazeti Witkoff bilen prezidentiň giýewisi Jared Kuşneriň 1-nji dekabrda gepleşik geçirmek üçin Orsýete ugrajakdygyny habar berdi.

Milli Howpsuzlyk we Goranmak geňeşiniň başlygy Rustem Umerow gepleşikleriň "netijeli we üstünlikli" bolandygyny aýtdy.

Ol taraplaryň "Ukraina üçin möhüm" meseleleri ara alyp maslahatlaşandygyny we ABŞ-nyň bu meselede Kiýewi "örän goldaýandygyny" belledi.