Türkmenistanly student Orsýetde 2,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

Bezeg suraty

Russiýanyň Ulýanowsk şäheriniň Lenin etrap kazyýeti agyr jenaýatda, adam bedenine bilkastdan şikes ýetirmekde aýyplanan türkmenistanly studenti günäli tapyp, 2,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

“Ulyanowsk.express” neşiriniň ýazmagyna görä, ady Begjanow diýlip görkezilen türkmen 25 ýaşynda bolup, Orsýetde taksiçi bolup işleýän eken.

Gürrüňi edilýän waka 2025-nji ýylyň 23-nji fewralynda Federasiýa köçesindäki binanyň golaýynda, duralgada goýlan awtoulagyň içinde bolup, üç adamyň arasynda başlanan dawa gysga wagtyň içinde sözden fiziki gapma-garşylyga, ýumruk söweşine ýazýar.

Aýyplanan, söweş arasynda awtoulagyndan çykyp, bagajyndaky taýagy alýar we ilki 2001-nji ýylda doglan ýolagçynyň kellesine urýar, soňra 1996-njy ýylda doglan ikinji ýolagçyny urýar.

Birinji urlan ýolagçy agyr ýaralanyp, hassahana ýerleşdirilýär.

Bekžanowa garşy RF-niň Jenaýat kodeksiniň 111-nji maddasynyň 2-nji bölegi boýunça jenaýat işi açyldy, ol ýarag ulanyp, adama bilkastdan agyr beden şikeslerini ýetirmekde günäli tapyldy diýip, habarda aýdylýar.

Begjanow jezasyny umumy düzgünli türmede çekmeli edildi.

Şeýle-de, ýetiren ahlak zyýany üçin, oňa 500 müň rubl jerime salyndy.

Hökümiň eýýäm güýje girendigi habar berilýär.