Ukraina Fransiýa bilen söweş uçarlary boýunça ylalaşyk baglaşdy, Kreml ABŞ bilen täze sammite umyt baglaýar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 17-nji noýabrda Parižde özüniň fransiýaly kärdeşi Emmanuel Makron bilen duşuşdy

Ukraina öz howa goranyşyny berkitmek üçin, Fransiýadan 100 sany “Rafale” kysymly söweş uçaryny almak barada, bu ýurt bilen 10 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu aralykda, Kreml Ukrainadaky urşy soňlamak boýunça mümkin rezolýusiýany maslahatlaşmak üçin, ABŞ bilen täze sammite ýol açylmagyna umyt baglaýandygyny aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenski 17-nji noýabrda Parižde özüniň fransiýaly kärdeşi Emmanuel Makron bilen duşuşyp, rus goşunlarynyň ýurt boýunça howa hüjümlerini güýçlendirýän hem-de gündogarda öňe ilerleýän pursadyna, bu ylalaşyga gol çekdi.

“Bu dünýäniň iň güýçli howa goranyş ulgamlarynyň biri bolar” diýip, iki hereketlendirijili söweş uçarlary boýunça şertnama baglaşandan soň, Zelenski aýtdy.

Elizeý köşgüniň beýanatynda aýdylmagyna görä, bu ylalaşyk diňe “Rafale” uçarlaryny däl, şeýle-de howa goranyş ulgamlaryny, bombalary we dronlary hem öz içine alyp, bu täze serişdeler Fransiýanyň häzirki harby ammarlarynyň hasabyna iberilmez.

Bu ylalaşyk şu aýyň başlarynda Şwesiýa bilen Ukrainanyň arasynda maliýeleşdirme boýunça ylalaşygyň tas jemlenendigi baradaky habarlaryň yz ýanyna geldi. Bu şertnama Kiýewiň 150 sany “Gripen” kysymly dördünji nesil söweş uçaryny satyn almagyna mümkinçilik berýär.

Ukraina Ýewropadaky Ikinji Jahan urşundan soňky döwürdäki iň uly we iň ganly konfliktiň dowamynda, Russiýanyň howa üstünligini peseltmek üçin, öz howa goranyş ulgamyny ösdürmek ugrunda köp wagtdan bäri tagalla edip gelýär gelýär.

Zelenskiniň 18-nji noýabrda Ispaniýa sapar etmeginiň öň ýany Parižde şertnama gol goýmagyna gabat, Kreml prezident Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň lideri Donald Trampyň arasynda ikinji sammiti gurnamak baradaky umytlaryny ýene bir gezek mälim etdi.

Iki lider şu ýylyň awgust aýynda Alýaskada duşuşyp, urşuň soňuna çykmaga gönükdirilen durgunlaşan parahatçylyk gepleşiklerini petikden çykarmaga synanyşypdylar. Ýöne duşuşykda öňe gidişlik gazanylmady.

ABŞ-nyň Russiýanyň energiýa ägirtlerine garşy girizen sanksiýalary, Waşington bilen Moskwanyň arasynda geçirilen birnäçe tapgyr şowsuz gepleşikleriň yz ýanyndan yglan edildi. Bir pursat, sammitiň Budapeştde geçirilmegine garaşylypdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasyndaky telefon söhbetdeşliginden kän wagt geçmänkä, Tramp eger Kremliň lideri Ukrainadaky urşy soňlamak boýunça ylalaşyga gelmäge taýýar bolmasa, onda Putin bilen duşuşyp “wagtyny boşuna harçlamajakdygyny” aýtdy.

17-nji noýabrda Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Moskwada žurnalistlere beren beýanatynda, zerur taýýarlyklar tamamlanandan soň sammitiň geçirilmeginiň mümkindigini aýtdy. Ol soňky hepdeleriň dowamynda şeýle mazmunly beýanatyny birnäçe gezek gaýtalady.

“Bu şertleriň haçan emele geljegini häzir takyk aýdyp bilmeris. Ýöne, elbetde, hemmämiz bu şertleriň giçden ir amala aşmagyna gyzyklanma bildirýäris” diýip, Peskow aýtdy.

“Munuň bilen baglylykda taýýarlyklar tamamlanandan soň we sammiti geçirmek üçin şertler emele gelenden soň, onuň geçirilmegine umyt baglaýarys” diýip, Peskow belledi.

Günbatar metbugatynyň ýazmagyna görä, awgust aýynda Alýaskadaky Tramp bilen Putiniň duşuşygyndan bäri, Russiýanyň pozisiýasynda kän bir üýtgeşikler bolmady.

8-nji noýabrda Tramp Russiýanyň söweşi togtatmak meýillerini entegem görmeýändigini aýtdy, şol bir wagtda, şertler emele gelen halatynda parahatçylyk sammitini geçirmek üçin Budapeşte ýykgyn edýändigini aýtdy.

16-njy noýabrda Tramp Kongres tarapyndan taýýarlanylýan we “Russiýa bilen söwda edýän islendik ýurda” garşy gönükdirilip bilinjek täze sanksiýalara açykdygyny hem mälim etdi. Ol başga jikme-jiklik bermedi.