Ukrainada rus zarbalary sebäpli köpçülikleýin elektrik üpjünçiligi kesildi

Ukrainada halas edijiler Russiýanyň uran soňky zarbalarynyň ýetiren weýrançylyklaryny aradan aýyrmaga gatnaşýarlar.

Russiýanyň Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna garşy amala aşyran howa hüjümleri sebäpli, ýurduň köp sebitinde, şol sanda paýtagt Kiýewde köpçülikleýin elektrik üpjünçiligi kesildi. Hünärmenler zarbalaryň ýetiren zyýanyny aradan aýyrmakda, zaýalanan energiýa desgalaryny abatlamakda kynçylyk çekýärler.

Döwlet energiýa operatory Ukrenerho 9-njy noýabrda sebitleriň köpüsinde 8-16 sagat aralygynda tok üpjünçiliginiň çäklendirilendigini habar berdi. Kompaniýa 10-njy noýabrda hem elektrik sarp ediş ulgamlarynda çäklendirmeleriň meýilleşdirilendigini mälim etdi.

“Energiýa desgalaryna garşy amala aşyrylan köpçülikleýin rus raketa we dron hüjümleri sebäpli, köp sanly çäklendirmeleri girizmeli bolduk” diýip, Ukrenerho beýanat bilen çykyş etdi.

“Doly gerimli basybalyjylykly hüjüm başlanaly bäri, energiýa desgalaryna şu derejede giň gerimli zarba urlandygyny ýada salmak kyn” diýip, kompaniýanyň sözçüsi Switlana Hrynçuk ukrain metbugatyna aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski agşamky wideo ýüzlenmesinde “abatlaýyş toparlarynyň sebitleriň aglabasynda gije-gündiz işleýändiklerini” belledi.

“Dikeldiş işleri dowam edýär. Ýagdaý agyr bolsa-da, müňlerçe adam ulgamy durnuklaşdyrmak we ýetirilen zyýany aradan aýyrmak ugrunda tagalla edýär” diýip, Zelenski sözüne goşdy.

Ukrainada sowuk howa möwsüminiň başlanmagyndan ozalam, Russiýa ýurduň elektrik ulgamyna, tebigy gaz desgalaryna we geçirijilerine garşy amala aşyrýan dowamly hüjümleriniň ýygylygyny güýçlendirdi. Kreml munuň bilen sowuk howa şertlerinde ýaşaýjylarda amatsyzlyklyklary döretmek bilen bir hatarda, ilatda gorky we wehim duýgularyny ornaşdyrmagy hem maksat edinýär.

Russiýanyň 7-nji noýabrda amala aşyran hüjümlerinde azyndan ýedi adam heläk boldy, häzirlikçe anyk kesgitlenmedik sanda ýaşaýjy ýaralandy. Munuň yz ýany, Zelenksi Kiýewiň ýaranlaryny Russiýany jezalandyrmaga we prezident Wladimir Putine basyş etmäge ýene-de çagyryş etdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministri Andriý Sybiha Russiýanyň iki atom elektrik bekedine tok akdyrýan podstansiýalary hem nyşana alandygyny aýtdy.

Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligiň baş direktory Rafael Grossi atom desgalarynyň elektrik podstansiýalaryny nyşana almagyň abandyrýan howplary barada duýduryş berdi.

Ukrain resmileriniň maglumatyna görä, Russiýa 8-nji noýabrdaky giň gerimli zarbalarynda 450-den gowrak dron, şeýle-de 45 raketa ulanypdyr.

Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi “howadan, gury ýerden we deňizden uzak aralyga, ýokary takyklykly serişdeler bilen giň gerimli zarba” gurnalandygyny aýdyp, onuň dowamynda Ukrainadaky ýarag öndüriş hem-de energiýa desgalarynyň nyşana alnandygyny öňe sürdi.

Ukrenerho Poltawa sebitinde hem toguň kesilendigini habar berdi. 200 müňe golaý ilatly Kremençuk doly tümlüge büreldi. Şäherde gyssagly ýyladyş, tok, internet, suw we ilkinji medisina kömegini hödürlenýän wagtlaýyn jemgyýetçilik merkezleri esaslandyryldy.

Dnipro şäherinde rus dronlary 9 gatly ýaşaýyş jaýyna zarba urdy. Hüjümde azyndan üç adamyň ölendigi habar berildi. Şäherde iki günlük matam yglan edildi.

Russiýanyň hüjümleri sebäpli Ukrainanyň ikinji iri şäheri Harkiwdäki metro stansiýalary hem toksuz galdy diýip, şäher häkimi Ihor Terehow aýtdy.

Ukraina jogap zarbalaryny urýar

Öz gezeginde Ukraina, tas her gije diýen ýaly dronlar bilen Russiýanyň energiýa desgalaryna zarbalary urup başlady. Munuň netijesinde, Russiýanyň benzin we beýleki arassalanan nebit serişdelerini öndürmek mümkinçilikleri göz-görtele peseldi.

Ukraina Belgorod we Kursk ýaly serhetýaka sebitleriň elektrik infrastrukturasyna, şeýle hem şäherleriň ýylylyk beketlerine zarba urdy.

9-njy noýabrda serhetýadaky birnäçe regionda 20 müňden gowrak adamyň elektrik üpjünçiliksiz galandygy barada maglumat gowuşdy diýip, Belgorodyň gubernatory Wýaçeslaw Gladkow aýtdy.

Tassyklanmadyk habarlara görä, ukrain dronlary serhetden takmynan 200 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýän Woronež şäheriniň şäher ýylylyk bekedine-de zeper ýetiripdir.

Russiýanyň Goranmak ministrligi gijäniň dowamynda 40-dan gowrak ukrain dronunyň, esasanam Brýansk sebitiniň üstünde, urlup düşürilendigini aýtdy. Ministrlik Woronež barada maglumat bermedi.

Kiýew ABŞ-dan Russiýanyň içindäki nyşanalara zarba urmak üçin uzak aralyga niýetlenen Tomahawk raketalarynyň berilmegini sorap, birnäçe gezek çagyryş edipdi. Ýöne prezident Donald Tramp bu haýyşlary ret etdi.

Moskwa Tomahawk raketalarynyň iberilmegine garşy duýduryş berdi. Putin bu ädimi ABŞ-Russiýa gatnaşyklaryndaky “dartgynlygyň düýbünden täze tapgyry boljakdygyny” aýdyp, haýbat atypdy.