Ukrainanyň energetika pudagy korrupsiýa garşy gözegçi edara tarapyndan derňelýär

Ukrainanyň korrupsiýa garşy NABU edarasy ýurduň energiýa pudagyny derňeýär.

Ukrainanyň korrupsiýa garşy gözegçi edarasy energetika pudagynda onlarça million dollarlyk korrupsiýany paş edýän “uly göwrümli operasiýany” yglan etdi. Bu Ukraina garşy doly göwrümli basybalyjylykly urşuň dowam edýän wagty amal edilýär.

Ukrainanyň Korrupsiýa garşy Milli Býurosy (NABU) Korrupsiýa garşy ýöriteleşdirilen prokuratura (SAPO) bilen bilelikdäki geçiren operasiýasynyň dowamynda, “döwlet ulgamyndaky strategiki kärhanalara, hususan-da “Energoatom” açyk paýdarlar jemgyýetine täsir etmäge synanyşan ‘ýokary derejeli jenaýat guramasynyň’ ýüze çykarylandygyny” mälim etdi.

Maglumata görä, telekeçi we “Kwartal 95” studiýasynyň egindeş eýeleriniň biri Timur Mindyçiň öýünde-de gözleg geçirilipdir. “Kwartal 95” bu ukrain wäşi topary bolup, onuň esaslandyryjylarynyň arasynda Ukrainanyň häzirki prezidenti Wolodymyr Zelenski hem bar.

Mindyç bu habarlar boýunça jemgyýetçilige düşündiriş bermedi. Ýöne ýerli “Ukrainska Pravda” neşiriniň, öz çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, NABU-nyň 10-njy noýabrda derňew bilen bagly takmynan 70 reýd geçirendigini mälim etmeginden birnäçe sagat öň, Mindyç ýurdy terk edipdir.

Bu habary garaşsyz ýagdaýda tassyklamak başartmady.

Prezident Wolodymyr Zelenski korrupsiýa garşy tagallalary gowy garşylap, “parahorlyga garşy alnyp barylýan ädimleriň ählisiniň we ýekelikde islendiginiň juda zerurdygyny” aýtdy.

Zelenski 10-njy noýabrdaky gündelik ýüzlenmesinde Ukrainadaky iň iri energiýa üpjünçisi bolan “Energoatomyň” ähmiýetine üns çekip, bu kärhananyň “arassalygynyň zerurdygyny” nygtady.

“Jenaýat işi boýunça höküm çykarylmalydyr” diýip, ol sözüne goşdy.

NABU-nyň aýtmagyna görä, jenaýat topary esasan “Energoatomyň” kontragentleriniň şertnamalarynyň bahasyndan “yzygiderli ýagdaýda” 10-15% möçberinde “bikanun peýda” alyp gelipdir.

Kärhananyň ýyllyk girdejisi 4.7 milliard dollara golaýlaýar.

Ukrainanyň korrupsiýany çäklendirmek boýunça çäreleriniň çäginde öňegidişlik gazanandygy bellense-de, Günbatar hökümetleri, korrupsiýa garşy guramalar we analitikler parahorlygy doly ýok etmek üçin entek ýene has köp tagallalaryň zerurdygyny nygtaýarlar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy (OECD) şu ýylyň başynda çap eden hasabatynda “Ukrainada, Russiýanyň doly göwrümli çozuş şertlerinde, korrupsiýa töwekgelçilikleriniň ýokary bolup galýandygyny” belläpdi.

Soňky derňew adaty ukrainleriň we Günbatar hökümetleriniň şu ýylyň başynda ýurduň öňdebaryjy korrupsiýa garşy edaralarynyň garaşsyzlygyny ýatyrmagy göz öňünde tutan kanun taslamasynyň yzyna gaýtarylmagy boýunça, Zelenskiden eden talaplarynyň ähmiýetini ýene bir gezek äşgär etdi.

Soňy bilen ýatyrylan şol başlangyç, 2022-nji ýylda Russiýanyň doly göwrümli çozuşyndan bäri, Ukrainada iň uly protestleriň tutaşmagyna getiripdi.

Korrupsiýa garşy gözegçi edarasy ýurduň energetika pudagyny köp wagtdan bäri üns merkezinde saklap gelýär.

NABU derňewiň 15 aý mundan ozal başladylandygyny we onuň dowamynda 1 müň sagada golaý audio materiallaryň seljerilendigini mälim etdi. Guramanyň aýtmagyna görä, bu “bikanun hereketler guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary, maslahatçy geňeşi ýa-da eýesi hökmünde görkezilen döwlet arkaly däl-de, eýse resmi ygtyýarlygy bolmadyk, emma ‘kölegedäki ýolbaşçsy’ hökmünde hereket eden daşardan bir şahs tarapyndan dolandyrylypdyr”.

Geçen aý döwlet elektrik ulgamynyň öňki ýolbaşçysy Wolodymyr Kudrytskiý “döwletiň emläklerini bikanun eýelemekde” aýyplanyp saklandy.

Kudrytskiý häzirki wagtda girew esasynda azatlyga goýberildi. Ol özüne bildirilýän aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, olary ret edýär we bularyň “prezident administrasiýasynyň gatyşygy bolmazdan, amala aşyp bilmejekdigini” çaklaýar.

NABU Kudrytskiý boýunça jenaýat işiniň 10-njy noýabrda yglan edilen derňew bilen ilteşikli ýa däldigini takyklaşdyrmady.