Ýaranlar Ukraina orta we uzak aralyga niýetlenen raketalary bermek baradaky koalisiýany ylalaşdylar - Makron

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron

Ýewropa liderleri Ukrainany orta we uzak aralyga niýetlenen raketalar we bombalar bilen üpjün etmek boýunça koalisiýany düzmek barada ylalaşdylar diýip, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Parižde geçen sammitiň dowamynda mälim etdi. Bu hemaýat Kiýewiň Russiýanyň basybalyjylykly hüjümini yza tesdirmek boýunça tagallalaryna ýardam bermek maksady bilen amal edilýär.

26-njy fewral giçlige çenli dowam eden sammite Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz, Polşanyň prezidenti Andrzeý Duda we Baltik döwletleriniň liderleri hem gatnaşdylar. Sammitde ABŞ-a onuň Ýewropadaky baş diplomaty Jeýms O’Braýan wekilçilik etdi. Britaniýa bolsa özüniň daşary işler sekretary Dawid Kamerony ýollady.

“Biz şeýle-de howa hüjüminden goranyş koalisiýasyna hem täze itergi bermek barada ylalaşdyk. Bu barada Ukrainanyň prezidenti [Wolodymyr Zelenski] çagyryş edipdi. Şu gün giçlik şeýle koalisiýanyň dokuzynjysyny ylalaşdyk. Bu çuň urgulary amal etmek üçin orta we uzak aralyga niýetlenen ýaraglaryň koalisiýasydyr” diýip, Makron duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda aýtdy.

Maslahata wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşan Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ýewropa liderlerine ýüzlenip, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň “eýýäm gazanylan zatlary weýran edip bilmezligini, we özüniň agressiýasyny hasam ilerledip bilmezligini” kepillendirmäge çagyrdy.

Ukraina özüniň Günbatar ýaranlarynyň, esasan hem Birleşen Ştatlaryň üpjün edýän ýokary derejeli ýaraglaryna we ok-därilerine bil baglaýar. Bu Kiýewe hem harby, hem-de adam sany taýdan üstün çykýan Russiýanyň barha ýygjamlaşdyrýan hüjümlerine garşy durmak üçin zerur bolup dur.

Ok-däri we şahsy düzüm babatynda kynçylyk çekýän Ukraina, soňky günlerde ýurduň gündogaryndaky käbir goranyş pozisiýalaryndan yza çekilmäge mejbur boldy. Bu aralykda, ABŞ-nyň Ukraina üçin niýetlenen 61 millard dollarlyk zerur hemaýat bukjasy, Respublikanlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller öýünde petikli saklanyp dur.

Makron çykyşynda samite gatnaşýan liderleriň arasynda “has köp we çalt hereket etmek barada umumy düşünişmäniň” bardygyny hem belledi.

Makron Günbatar gury-ýer goşunlaryny Ukraina ibermek barada “ylalaşygyň” ýokdugyny aýtdy, emma “biziň maksatlarymyza ýetmek üçin hiç zady aradan aýyrmaly däl. Russiýa bu urşy ýeňmeli däl” diýip hem, sözüne goşdy.

Duda žurnalistler bilen geçiren aýry-başga bir duşuşygynda Günbatar goşunyny Ukraina ibermek baradaky mümkinçilik boýunça gatnaşyjylaryň arasynda “uly bir höwesiň bolmandygyny” belledi.

Maslahata gatnaşyjylar Ukraina babatynda Ýewropa döwletlerinden hemaýatyň artandygyny nygtadylar. Bu şol sanda, Çehiýanyň Ukraina üçin ok-därileri Ýewropa Bileleşiginiň çäginden daşda satyn almak başlgangyjy hem göz öňünde tutýar.

Niderlandlaryň premýer-ministri Mark Rutte bu maksatlar üçin 100 million ýewro bermäge meýillidigini mälim etdi.