Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 3-nji martda dünýä liderlerine ýüzlenip, Kiýewe “Russiýanyň külpetinden” üstün çykmaga ýardam bermäge çagyrdy. Bu aralykda, Russiýanyň Odesa uran zarbasy netijesinde heläk bolanlaryň sany 12 adama ýetdi, ölenleriň arasynda birnäçe çaga hem bar.
“Russiýanyň serhetdäki her bir ýitgisi, bu biziň ýurdumyzyň Russiýanyň terroryna jogabydyr. Dünýä Russiýanyň külpetiniň her bir görnüşine jogap bermelidir we Russiýanyň hereketlerine gaýtawul bermelidir” diýip, Zelenski halas edijiler Odesa edilen hüjümden soňky harabaçylyklarda gözleg işlerini tamamlanlaryndan soň çykyş etdi.
Ol gijeki ýüzlenmesinde Ukrainananyň üpjünçiliginiň ýeterlik bolmagy üçin, syýasy islegiň zerurdygyny hem belledi. Munuň bilen, ol ABŞ-nyň Kongeresinde saklanyp galýan ençeme milliard dollarlyk möhüm kömegi göz öňünde tutdy.
“Uruş Russiýa üçin umytsyz bir zada öwrülmeli... Olar jany ýok etmekçi boýlanlaryň özlerini hem weýran edip biljek bir güýjüň bardygyny duýmaly” diýip, Zelenski belledi.
“Eger-de bu başa barmasa, we eger-de Amerika hem Ýewropa Eýranyň Şahedlerinden we Russiýanyň uçarlaryndan ýeňilse, bu taryhyň iň utançly sahypalarynyň biri hökmünde ýatlanar. Zalymlyga hiç haçan meçew bermeli däl. Bu ne gowşak kararlar, ne üpjünçiligiň gijikdirilmegi, ne-de kararsyzlyk bolmaly” diýip, Zelenski sözüne goşdy.
2-nji martda Russiýanyň drony Odesanyň bir ýaşaýyş jaýyny urup, ençeme gatyny weýran etdi.
Hüjümde azyndan dört çaga heläk boldy. Olaryň arasynda entek bir ýaşyny doldurmadyk iki bäbek hem bar. Bu barada Zelenski we regional resmiler habar berdiler.
Zelenski Telegram kanalynda hüjümiň pidasy bolan çagalaryň atlaryny getirdi: “Mark, ol bary-ýogy üç ýaşyndady; Ýelizaweta, 8 aýlyk we Timofeý, üç aýlyk”. Ol soňundan “Ukrainanyň çagalary Russiýanyň harby nyşanalaryna öwrüldi” diýip, sözüne goşdy.
Regional häkim Oleh Kiper 3-nji martda harabaçylygyň arasyndan 10 ýaşly bir oglanyň we onuň sekiz ýaşly gyz jigisiniň jesetleriniň tapylandygyny habar berdi.
Halas edijiler gözleg işleriniň dowamynda bir hojalygyň agzalarynyň birek-biregini gujaklap duran jesetleriniň hem üstünden barandygyny aýtdylar.
“Bir eje öz bedeni bilen sekiz aýlyk bäbegini gorajak bolupdyr. Tapylan wagty, olar birek-biregini gujaklaýardylar” diýip, Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy Telegram kanalynda mälim etdi.
3-nji martda Odesada we dron hüjüminiň netijesinde ejir çeken golaýdaky beýleki sebitlerde-de matam yglan edildi.
Halas edijileriň maglumatyna görä, 2-nji martda Odesa edilen hüjümde dokuz gatlyk binanyň 18 jaýy weýran bolupdyr.
Zelenski 2-nji martdaky eden ýüzlenmesinde Günbatar ýaranlaryny Kiýewi has köp howa hüjüminden goranyş ulgamlary bilen üpjün etmäge çagyrdy. Russiýanyň Ukraina garşy dronlary, raketalary ýagdyrmagyny dowam etdirýärkä, parahat ilatyň arasyndan ýitgiler hem artýar. BMG Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda doly gerimli hüjüme geçmeginden bäri, asuda ilatyň arasyndan heläk bolan azyndan 10 müň adamyň şahsyýetini tassykladyp bildi.
Moskwa Odesa edilen hüjüm bilen ilteşikli kommentariýa bermedi. Deliller Russiýanyň Ukrainada raýat maksatly desgalary hem nyşana alýandygyny görkezse-de, Moskwa bulary ret edýär.