Zelenski parahatçylyk meýilnamasy boýunça Tramp bilen “konstruktiw, dogruçyl we çalt” işleşmäge taýýar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň Armiýa sekretary Daniel Driskolly 20-nji noýabrda Kiýewde garşylaýar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Kiýewden uly eglişikleri göz öňünde tutýan, ABŞ tarapyndan taýýarlanylan jedelli täze parahatçylyk meýilnamasyny alandygyny we ony prezident Donald Tramp bilen mundan beýläk-de ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Şeýle-de, Zelenskiniň edarasynyň bu meýilnama boýunça 20-nji noýabrda ýaýradan ilkinji jemgyýetçilik beýanatynda, Kiýewiň “meýilnamanyň maddalarynyň üstünde urşuň adalatly ýagdaýda tamamlamagyna mümkinçilik berjek görnüşde işleşmäge razy bolandygy” nygtalýar.

“Biz parahatçylygy üpjün etjek netije boýunça Amerikan tarapy hem-de Ýewropadaky we dünýädäki beýleki hyzmatdaşlarymyz bilen konstruktiw görnüşde işleşmäge häzirki wagtda, mundan beýläk-de taýýardyrys” diýip, beýanatda aýdylýar. “Zelenskiniň ýakyn günlerde Tramp bilen elýeter diplomatik mümkinçiliklerini we parahatçylyk üçin zerur bolan esasy maddalary ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar” diýip, hem resminamada nygtalýar.

Bu beýanat ukrain lideriniň Pentagonyň ýokary derejeli harby ofiserleriniň topary we ABŞ-nyň Armiýa sekretary Daniel Driskoll bilen Kiýewde geçiren duşuşygyndan birnäçe sagat soň çap edildi.

ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçihanasy bu duşuşygy “bellärlikli derejede konstruktiw” diýip häsiýetlendirdi we köp garaşylan parahatçylyk üçin pursadyň emele gelip başlandygyny belledi.

Teklip edilýän ylalaşygyň şertleriniň Russiýanyň 2022-nji ýyldaky doly möçberli söweşiniň başynda orta atan berk talaplary bilen ilteşýäne çalym edýär.

ABŞ tarapyndan taýýarlanylan meýilnamanyň takyk maddalary doly anyk däl; prezidentiň edarasy bular barada jikme-jik maglumat bermedi.

Muňa garamazdan, Financial Times, Reuters we Axios neşirleriniň maglumatlarynda nygtalşy ýaly, meýilnama Kiýewiň territoriýasynyň we ýaraglarynyň bir böleginden ýüz öwürmegini, ýaragly güýçleriniň sanyny azaltmagyny we rus goşunlaryna garşy göreşde möhüm bolan ABŞ-nyň harby kömeginiň kemeldilmegi bilen ylalaşmagyny hem göz öňünde tutýar.

Şeýle-de, Ukrainanyň territoriýasynda daşary ýurtly goşunlaryň ýerleşdirilmegine rugsat berilmez, Kiýewe hem mundan beýläk uzak aralyga niýetlenen ýaraglar berilmez.

Zelenski mundan ozal Moskwanyň Ukrainanyň territoriýasynyň bir böleginden el çekmegi ýa-da goşunlarynyň sanyny azaltmagy baradaky talaplaryny ret edip, bu ýagdaýyň diňe Ukrainany gowşatjakdygyny we ony geljekde täze hüjümlere ejiz ýagdaýda goýjakdygyny aýdypdy.

Synçylar 28 maddaly bu teklibiň Kiýewde doly goldaw tapjakdygyna şübheli garaýarlar.

Şeýle-de bolsa Axios neşiriniň, atlandyrylmadyk amerikan we ukrain resmilerine salgylanyp, duşuşygyň jemleri boýunça beren maglumatynda, ukrain prezidentiniň has ylalaşykly görnendigi, we meýilnamanyň özgerişi boýunça çaltlandyrylan ýagdaýda işlemäge razy bolandygy aýdylýar.

Zelenski duşuşykdan soň Telegramda ýerleşdiren postunda, Ukrainanyň “konstruktiw, dogruçyl we çalt” tagalla taýýardygyny aýtdy.

Ak tam şol günüň özünde geçirilen metbugat brifinginde ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen ýörite wekil Stiw Witkoffyň geçen hepde ukrain resmileri bilen parahatçylyk meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşandygyny mälim etdi.

Mundan öň Rubio teklip edilýän meýilnamalary “urşuň soňuna çykmak boýunça mümkin ideýalaryň sanawy” hökmünde häsiýetlendirip, gepleşikler üçin belli bir giňişligiň bolup biljekdigini duýdurypdy.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow, Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky mümkin parahatçylyk meýilnamasy baradaky soraga jogap berip, häzirki wagtda bu ugurda resmi gepleşikleriň alnyp barylýandygyny tassyklamady.

“Şu görnüşde, häzirki wagtda konsultasiýalar alnyp barylmaýar. Elbetde, belli bir görnüşdäki kontaktlar bar, ýöne konsultasiýalar diýip bolaýjak hiç hili proses ýok” diýip, ol belledi.

Kremliň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ýurduň “Günbatar” harby serkerdeligine eden sapary bilen bagly ýaýradan wideosynyň dowamynda, rus lideri Moskwanyň söweşde öňde goýan maksatlaryna ýetilmegine çagyryş etdi.

Öňki rus diplomaty, Ukrainadaky urşa protest hökmünde wezipesinden çekilen Boris Bondarew, teklip edilýän şertler göz öňünde tutulanda, Kremliň gepleşiklere hakykatdan hem taýýardygyny soraga alýar.

“Moskwa urşuň birinji gününden başlap gepleşiklere taýýardy. Olar muny dowamly aýdyp gelýärler, her gün tekrarlaýarlar. Bu babatda hiç hili täzelik ýok. Ýöne olar haýsy görnüşdäki gepleşiklere goşulmaga taýýar?” diýip, Bondarew soragy atdy, we: “Şu görnüşdäki, ýagny Ukrainanyň doly boýun bolmagy baradaky gepleşiklere” diýip, öz pikirini beýat etdi.

“Putiniň urşuň başyndan bäri: Ukrainanyň ýaragsyzlandyrylmagy, denasifikasiýasy ýaly öňe sürýän şuňa meňzeş şol bir zatlar hödürlenende, nämeler barada gürrüň edip bolar?” diýip, ol “Nastoýaşeýe Wremýa” kanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Meýilnamadaky teklipleriň Zelenskini kyn ýagdaýda goýmagy mümkin.

Söweş meýdanynda öň hatar ukrain güýçleri, Moskwanyň çekýän uly ýitgilerine garamazdan, san taýdan has üstün we harby üpjünçilik babatynda has gowy enjamlaşdyrylan rus goşunlaryny saklamakda kynçylyk çekýärler.

Russiýa Ukrainanyň gündogaryndaky strategiki taýdan möhüm Pokrowsk şäherini gabawa almaga barha aralaşýar. Bu Putiniň Ukrainanyň Donbas sebitini doly ele geçirmek baradaky öňe süren planlarynyň çäginde alnyp barylýar.

Russiýa nobatdaky bu gyş hem, Ukrainanyň şäherlerini we energetika infrastrukturasyny nyşana almagyny dowam etdirip, uruşdan kösenýän ukrainalylary hasam ruhdan düşürmäge çalyşýar.

Ukrainada Zelenskiniň hökümet agzalarynyň we onuň köp ýyllyk iş hyzmatdaşlarynyň birnäçesi bilen ilteşikli aýan edilen möhüm korrupsiýa dawasy, ukrain liderini syýasy taýdan gowşatdy.

Degişli maglumat Goşundan başlap Zelenskä çenli: Ukrainadaky korrupsiýa dawasy ýurdy sarsdyrdy

Ukrainada energiýa desgalarynyň goragy boýunça baglaşylan şertnamalaryň hasabyna millionlarça dollarlyk bikanun “paý alnandygy” baradaky aýyplamalar bilen ilteşikli korrupsiýa dawasy ýurdy sarsdyrdy. Bu Russiýanyň Ukraina garşy yzygiderli howa zarbalaryny ýagdyryp, uruşdan ejir çekýän ýurduň ilatyny sowuga we tümlüge gurşaýan döwri bolup geçýär.

Ukrain parlamentiniň käbir deputatlary Zelenskini administrasiýasynyň ýolbaşçysy Andriý Ýermagy wezipesinden boşatmaga çagyrdylar.