Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak sekretary Ukrainanyň ýaranlarynyň harby hemaýat boýunça duşuşygyna ýolbaşçylyk edýär


ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin
ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin

19-njy martda ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin Birleşen Ştatlaryň Germaniýadaky Ramştaýn harby bazasynda Ukrainanyň ýaranlarynyň duşuşygyna ýolbaşçylyk edýär. Onuň dowamynda Ukrainanyň Ýaragly güýçlerine zerur bolan harby hemaýaty artdyrmagyň ýollary maslahat ediler. Bu aralykda, Kiýew üçin möhüm 60 milliard dollarlyk harby hemaýat bukjasy ABŞ-nyň Senatynda ilerlemän dur.

Ukrainanyň Goranmak Habar Toparynyň, şeýle-de Ramştaýn formaty diýlip bilinýän her aý geçirilýän bu duşuşyga, Ukrainany goldaýan 50 töweregi döwletiň wekilleri gatnaşýar. Bu aralykda, Ukrainanyň gündogarynda Russiýanyň basybalyjylykly güýçleriniň ilerlemegine garşy durýan Kiýew güýçleriniň, barha ýitileşýän ýarag we ok-däri ýetmezçiliginden kösenýändigi bellenilýär.

Bu Austiniň prostatasynda düwnüge garşy bejergi alanyndan soň, daşary ýurda amala aşyrýan ilkinji sapary bolar. Pentagon onuň Waşingtonyň Ukraina babatynda berk durandygyny ynandyrjakdygyny aýtdy.

“Sekretar Austin Ukrainadaky krizisi, şeýle-de Birleşen Ştatlaryň ýaranlarynyň we hyzmatdaşlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan dürli howpsuzlyk meselelerini maslahat etmek üçin, ýene bir gezek tutuş dünýäden goranmak ministrleri we ýokary derejeli harby ýolbaşçylary çagyrdy” diýip, ABŞ-nyň Ýewropadaky Howa güýçleriniň metbugat gullugy Azatlyga aýtdy.

ABŞ-nyň 60 milliard dollarlyk hemaýat bukjasynyň Wekiller öýünde saklanyp duran mahaly, 12-nji martda Birleşen Ştatlar Ukraina üçin 300 million dollar möçberindäki bir gezeklik harby hemaýatyny yglan etdi. Bu maliýe Pentagonyň şertnamalaryň üsti bilen tygşytlan pullarynyň hasabyna bölünip berilýär diýip, Birleşen Ştatlaryň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Sulliwan aýtdy.

Ýewropanyň harby hemaýaty Ukrainanyň hem adam sany taýdan, hem-de artilleriýa toplary babatynda üstün çykýan duşmana garşy söweşýän güýçlerine juda möhüm bolup dur.

18-nji martda Ýewropanyň Geňeşi Ukrainanyň Hemaýat beriş Gaznasynyň döredilmegini oňlady we ol üçin 5 milliard ýewro goýberdi.

Bu aralykda, Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň gündogar sebitlerine artilleriýa toplaryny ýagdyryp, has köp adam ölümine sebäp bolýarlar.

19-njy martda Ukrainanyň günortasyndaky Harkiw sebitinde rus zarbalary sebäpli, asuda ilatyň arasyndan üç adam öldi. Bu barada regional häkim Oleksandr Prokudin mälim etdi, we hüjümde köp gatly iki sany ýaşaýyş jaýyna hem zeper ýetendigini sözüne goşdy.

Şeýle-de 19-njy martda Donetsk sebitinde rus zarbalarynda bir adam heläk boldy, başga-da bäşisi ýaralandy. Bu barada sebitiň häkimi Wadym Fliaşkin Telegram kanalynda mälim etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG