Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Dnepropetrowsk sebitine eden hüjüminde 12 ýaşly oglan öldi


Rus goşunlarynyň 5-nji dekabra geçilýän gije Dnepropetrowsk sebitine eden dron hüjümi 12 ýaşly oglanyň ölümine, üç adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugy habar berdi.

Wepat bolan çaga rus güýçleriniň hüjümine sezewar bolan Sinelniki etrabynyň Wasilkiwsk jemgyýetinde ýaşaýardy. Bu hüjümde onuň ene-atasy hem ýaralandy. Hüjüm netijesinde bir jaý ýumruldy, ýene bir jaýa zyýan ýetdi diýip, habarda aýdylýar.

Döwlet adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň beýanatyna görä, Nikopol etrabynyň Pokrowsk jemgyýetinde partlan mina bir adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Orsýet tarapy Dnepropetrowsk sebitine urlan zarbalar barada häzire çenli hiç hili beýanat etmedi.

XS
SM
MD
LG