Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý “möhüm duşuşyklar” üçin Fransiýa, Germaniýa sapar edýär


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý (çepde) 16-njy fewralda Berlinde Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz bilen duşuşýar.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý (çepde) 16-njy fewralda Berlinde Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz bilen duşuşýar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 16-njy fewralda Fransiýa gidip, prezident Emanuel Makron bilen duşuşmazdan öň, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz bilen gepleşikleri geçirmek üçin Berline bardy.

Zelenskiýniň goldaw we ýardam tapmaga gönükdirilen bu saparlary, san we ýarag taýdan az bolan ukrain güýçleriniň Russiýanyň gündogar Awdiýiwka şäherine artýan hüjümleriniň öňüni almak üçin göreşýän wagtynda bolup geçýär.

“Men iki möhüm güne başlaýaryn. Germaniýada we Fransiýada hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar, täze şertnamalar we Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasy” diýip, 17-nji fewralda halkara howpsuzlyk forumynda çykyş etmegine garaşylýan Zelenskiý X sosial ulgamynda ýazdy.

Günbatar ýaranlarynyň we esasanam Birleşen Ştatlaryň ykdysady we harby kömegine ep-esli derejede garaşly bolan Ukraina ok-däri we harby enjamlarynyň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu waka, Birleşen Ştatlaryň 61 milliard dollarlyk harby we ykdysady kömek bukjasy ABŞ-nyň Wekiller palatasynda respublikan kanun çykaryjylaryň garşylygy sebäpli saklanýan mahalyna gabat gelýär.

Germaniýa we Fransiýa bilen baglaşylýan şertnamalar barada jikme-jiklikler köpçülige aýan edilmedi, ýöne olaryň britan premýer-ministri Rişi Sunagyň geçen aý Kiýewe eden sapary wagtynda Ukraina bilen Britaniýanyň arasynda gol goýlan 10 ýyllyk howpsuzlyk şertnamasyna meňzeş bolmagy ähtimal.

Russiýanyň Ukraina sebäpsiz çozuşynyň başlanyna iki ýyl bolup barýarka, tapdan düşen ukrain güýçleri azalýan ok-däri ätiýaçlyklaryny gorap saklamaga çalyşýarlar we Donetskdäki senagat şäheri Awdiýiwka ýakynlaşýan rus goşunlarynyň öňüni almak üçin göreşýärler.

Birnäçe aý bäri Russiýanyň güýçli hüjümlerine sezewar bolan Awdiýiwkanyň synmak ähtimallygy baradaky aladalaryň arasynda, Ukrainanyň harbysy bu şähere iň tejribeli pyýada toparlaryndan biri bolan Üçünji hüjüm brigadasyny ýerleşdirdi we tapdan düşen beýleki güýçlerini çykardy.

Üçünji hüjüm brigadasynyň serkerdesiniň orunbasary maýor Rodion Kudrýaşow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda ukrain güýçleriniň şäherdäki käbir weýran edilen ýerlerden yza çekilýändigini we täze, has amatly pozisiýalarda ýerleşýändigini tassyklady.

“Biz käbir pozisiýalardan çekilmeli bolduk, sebäbi olar ýer bilen ýegsan edildi, ýok edildi. Harby gullukçylarymyz goranyş liniýasyny saklamak üçin has amatly ýerlere gitdiler” diýip, Kudrýaşow belledi.

Mundan has ozal, brigada generaly Oleksandr Tarnawskiý şäheriň içinde agyr söweşleriň barýandygyny we ukrain güýçleriniň täze pozisiýalara ýerleşdirilýändigini aýtdy.

“Awdiýiwkadaky ýagdaý agyr, ýöne ol gözegçilik astynda. Şäheriň içinde gazaply söweşler dowam edýär” diýip, Tawriýa operasiýa toparynyň komandiri Tarnawskiý Telegramda aýtdy.

Zelenskiý Kiýewiň şäheri goraýan goşunlara mümkin boldugyça goldaw iberýändigini mälim etdi.

“Söweşijilerimiziň, mümkin boldugyça köp ukrain janyny halas etmegi üçin, ýeterlik dolandyryş we tehnologiki mümkinçiliklere eýe bolmagyny üpjün etmek üçin elimizden gelenini edýäris” diýip, Zelenskiý 15-nji fewralda agşamky çykyşynda aýtdy.

Muňa garamazdan, Ak tamda Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Jon Kirbi Awdiýiwkanyň ruslar tarapyndan basylyp alynmak howpunyň bardygyny mälim etdi.

“Awdiýiwka Russiýanyň gözegçiligine geçmek howpy astyndadyr” diýip, Kirbi belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG